Kosta-Rikanyň öňki wise-prezidenti Rebeka Grinspan Birleşen Milletler  Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň arasynda guramanyň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler boýunça geçen nobatdaky deslapky pikir soralyşykda has köp goldaw sesini aldy. Guramanyň saýtynda ýerleşdirilen habara görä, Grinspany HG-niň agzalarynyň dokuzysy goldady, bäş agza garşy boldy. Şunda garşy iki ses weto girizmek düzgünine hukukly agza döwletleriň ikisine degişlidir.

Atom energetikasy boýunça halkara guramanyň Baş direktory (MAGATE) Rafael Grossi goldaw sesleriň sekizisini, alty garşy ses aldy. Şeýle netijeler Gaýanadan dalaşgär Kerolin Rodriges-Birkette hem degişlidir.

Deslapky pikir soraşmalar BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler resmi hödürlenmezinden öň olaryň arasyndan has köp goldawa eýe bolanlary kesgitlemek üçin geçirilýär.

Häzirki Baş sekretar Antoniu Guterrişiň wezipes ygytýarlylyklary 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda dolýar.