Kosmos giňişliginde gaýyp ýören milliardlarça ululy-kiçili daş bar. Asteroid diýlip atlandyrylýan bu daşlar kämahal Ýeriň golaýynda geçip gidýär, kähalatda bolsa, atmosfera girip, ýanyp ýok bolýar. Seýrek ýagdaýda kiçi bölekleri ýere gaçýar. Astronomlar tarapyndan “2024 PT 5” diýlip atlandyrylan bir asteroidiň bolsa, Ýeriň orbitasyna girip, iki aý töweregi aýlanjakdygy, soňra bolsa Gün ulgamyndaky “syýahatyna” dowam etjekdigi mälim edildi. Ululygy bary-ýogy 10 metr çemesi bolan daş, NASA-nyň ATLAS teleskoplary arkaly 7-nji awgustda anyklandy. Daşyň 29-njy sentýabrdan 25-nji noýabr aralygynda Ýeriň orbitasynda aýlanjakdygy aýdyldy. Bu asteroid geljek ýylyň başynda has gysga wagtlygyna ýene-de Ýeriň orbitasyna girer. Ondan soňra bolsa, 2055-nji ýylda gaýtadan “myhmançylyga” geler. Kiçi we solak reňklidigi sebäpli bu asman jisimini diňe güýçli teleskoplar arkaly görüp bolýar.
Aý Ýeriň orbitasyndan aýlanýan ýeke-täk asman jisimi bolup, beýleki planetalaryň birden köp hemrasy bolup bilýär.