17-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde “Pars şygryýeti we edebiýaty we Şähriýary ýatlama güni” dabaraly bellenip geçildi. Bu çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem merkezde bilim alýan pars dilini öwrenijiler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Sona Annaýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Bahar Atanyýazowa dagy türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, şygryýet we edebiýat, dil we medeni umumylyklar barada täsirli çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ussat pars we azerbaýjan şahyry Seýid Muhammet Huseýin Şähriýaryň ömri we döredijiligine bagyşlanan wideoşekil görkezildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – Mukaddeslige tagzym” atly eserinden kompozisiýa, Iräj Mirzanyň “Ene mähri” goşgusy labyzly ýerine ýetirildi. Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan ýerine ýetirilen gülküli sahna oýunlary çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň hem-de Şähriýaryň goşgularynyň labyzly okalyp, goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi çäräniň esasy wakalarynyň biri boldy. Dabaranyň soňunda çykyş edenleriň ählisine Eýranyň Medeniýet merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar, pars dilini üstünlikli tamamlan pars dilini öwrenijilere güwanamalar gowşuryldy.