Söýginiň nyşany bolan nika ýüzügini dakmak däbiniň 3 müň ýyl ozal başlandygy aýdylýar. Är-aýalyň arasyndaky resmi baglanyşygy aňladýan bu nyşanyň iň gadymy görnüşleri Müsürden tapylypdyr. Papirus ýazgylarynda kenep süýüminden ýa-da inçejik gamyşdan örülen ýüzükler barada bellenilýär. Bu ýüzükleri uzak wagt dakynyp bolmandyr. Soňlugy bilen gamyşdyr kenepden ýasalan ýüzükleriň ýerine deriden ýa-da piliň süňkünden taýýarlanan halkalar peýda bolupdyr. Dag-magdan känini eredip, metal almak usulynyň oýlanyp tapylmagy bilen dürli görnüşli gymmat bahaly egremçeler ýasalyp başlanypdyr. Şol ýyllarda adamlarda ýüzügiň hili näçe ýokary bolsa, şol adamyň söýgüsi hem şonça güýçli diýen garaýyş bolupdyr. Nika ýüzüginiň daşky tegelegi ebedi söýgini, içki tegelegi bolsa geljegi aňladypdyr.
Näme üçin çep ele dakylýar?
Toý ýüzügi bilen bagly däp-dessurlar XIII asyrda Rimde hem ýöredilipdir. Şol döwürde nikalaşmak dabarasynda jübütler hökmany ýagdaýda biri-biriniň barmagyna ýüzük dakypdyrlar. Olaryň söýgüsiniň nyşany ilkibaşda demirden, soňlugy bilen altyndan ýasalypdyr. Nika ýüzügini çep ele dakmak däbi hem greklerden we rimlilerden gözbaş alýar. Bu halklar dördünji barmakda ýerleşýän «wena amoris» (söýgi damary) atly damaryň ýürege göni barýandygyna ynanypdyrlar. Şeýlelikde, söýginiň we güýjüň ýürege çalt täsir etmegi üçin nika ýüzügini çep eliň ogulhajat barmagyna dakypdyrlar. Bu ynam beýleki halklar tarapyndan goldanyp, soňlugy bilen kada öwrülipdir.
Nika ýüzügini dakmak kadasy tutuş Ýewropa, Aziýadyr Amerika ýurtlaryna hem ýaýrap ugrapdyr. 1800-nji ýyllarda amerikan erkekleri gelinligine toýdan öň gymmat lybaslary sowgat edipdirler. Toýdan soň bolsa, iňlis däp-dessuryna görä, bir jübüt altyn ýa-da kümüş ýüzügi biri-biriniň barmagyna ildiripdirler. Birnäçe wagtdan soň
awstriýalylar tarapyndan göwher gaşly ýüzükler oýlanyp tapylýar. Emma göwher gaşly nika ýüzükleri 1900-nji ýyllardan soň köpçüligiň arasynda meşhur bolup başlaýar. Şol ýyllarda Günorta Afrikadan uly göwher känleri tapylýar. Göwher senagatyna eýeçilik edýän telekeçiler göwheriň altyndan hem gymmatdygyny we tebigatda seýrek duş gelýän daşdygyny aýdyp, islegi has-da ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, göwher gaşly ýüzükleriň satuwy artyp, käbir ýerlerde göwher maşgala mirasdarlygy hökmünde nesilden-nesle geçirilipdir.
Nika ýüzügini nähili saýlamaly?
Toý ýüzügini saýlanyňyzda, ilki bilen, ony uzak ýyllaryň dowamynda dakynjakdygyňyzy göz öňünde tutmaly. Halaýan, özüňize oňaýly we çydamly egremçäni saýlamaly. Soňky ýyllarda altyndyr kümüşden ýasalan nika ýüzüklerine görä, platinadan (ýalpyldawuk berk metal) ýasalan halkalara has köp isleg bildirilýär. Platina tebigatda seýrek duş gelýändigi üçin öňki döwürlerde güýjüň we baýlygyň nyşany hasaplanypdyr. Altyndan iki esse gymmat hasaplanýan bu metal berkligi bilen tapawutlanýar. Platina altyna görä agyr bolup, daşky täsirlere we çyzylmalara çydamlydyr. Platinadan ýasalan nika ýüzügi hiç wagt könelmeýär, ýalpyldysy öçmeýär. Taryhda iň gymmat satylan nika ýüzügi «Pink Star» bolup, göwher ýüzügiň bahasy 71,2 million dollara deňdir.