Häzirki wagtda dünýäde arassa çeşmelerden alynýan elektrik energiýasyna has köp maýa goýulýar. Şolaryň arasynda Gün beketleri has köp maýa goýumy özüne çekip, olaryň sany we önümçilik kuwwaty barha artýar. Üstümizdäki ýylda Gün beketleriniň önümçilik kuwwatynyň geçen ýyldakydan 29 göterim ýokary bolup, 593 gigawata ýetmegine garaşylýar. Merkezi edarsy Londonda ýerleşýän “Ember” şereketiniň maglumatlaryna görä, Gün beketleriniň önümçilik kuwwaty geçen ýyl 87 göterim ýokarlanypdyr. Şu ýylyň ýedi aýynda dünýäde umumy önümçilik kuwwaty 292 gigawat bolan beketler işe girizilipdir. Ýylyň ahyryna çenli bolsa, ozalky çak edilişinden has köp Gün bekedi işe giriziler. Şu ýylky guruljak Gün beketleriniň 75 göterimi Hytaý, ABŞ, Hindistan, Germaniýa we Braziliýa degişli bolar. Ýylyň ahyryna çenli guruljak Gün beketleriniň 56 göterimi Hytaýa degişli bolup, olaryň umumy önümçilik kuwwaty 334 gigawat bolar. Hindistanda guruljak Gün beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty bolsa 23 gigawata ýeter.
Bilermenleriň pikirine görä, Gün beketleri dünýäde iň arzan elektrik çeşmesi hökmünde öňe saýlanýar.
Arazjemal Annadurdyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.