18-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeligini bellediler. Şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerine hem garaldy.