Gadymy döwürlerde ýaşap geçen adamlar ýaşamak we goranmak üçin birnäçe hünärleri ýüze çykarypdyrlar. Awçylykdyr daýhançylykdan başlap, jemgyýetde birnäçe hünärler peýda bolupdyr. Bu hünärler wagtyň geçmegi bilen adamlaryň zähmet endiklerini kämilleşdirip, jemgyýetçilik ösüşini emele getiripdir. Köplenç ilkinji hünärler adamzadyň mesgen tutan ýeri bilen baglanyşykly döreýär. Geliň, adamzat jemgyýetinde ilkinji dörän hünärler bilen tanyş bolalyň!
Zähmet gurallarynyň ussasy. Adamlar takmynan 2,6 million ýyl ozal daşdan dürli gurallary ýasap başlapdyrlar. Iň gadymy daş gurallara ot ýakmak üçin ulanylan çakmak daşlaryny, haýwanlary soýmak üçin ulanylan ýiti daş böleklerini mysal getirmek bolar. Zähmet gurallaryny ýasamak dünýäniň iň gadymy hünärleriniň biridir.
Awçylyk. Antropologlaryň 2012-nji ýylda ýüze çykaran subutnamalaryna görä, adamlaryň 2 million ýyl ozal awçylyk bilen meşgullanyp başlandyklary çaklanylýar. Ilkibaşda adamlar gaty ylgap bilmeýän jandarlary we balyk awlap başlapdyrlar.
Hekaýat aýtmak. Ilkinji adamlar dürli sesler we yşaratlar bilen düşünişen hem bolsalar, soňlugy bilen bir zady gürrüň bermek endigi ýüze çykýar. Diliň birnäçe adamyň takyk düşünişip biljek derejede ösüşi 200 müň ýyl ozal diýlip kesgitlenilýär. Adamlar daş-töwereginde gören zatlaryny, eşiden gürrüňlerini aýdyp başlapdyrlar. Hekaýat gürrüň bermek däbi asyrlar geçdigiçe has ösýär. Miladydan ozalky 3100-nji ýylda ýazuw diliniň ilkinji nusgalary peýda bolýar.
Tikinçilik. Antropologlaryň pikirine görä, iň gadymy adamlaryň 100 müň ýyl ozal haýwanlaryň derisinden tikilen geýimleri geýip başlandyklary bellenilýär. Ýapynja görnüşdäki ilkinji eşikleri tikmek üçin süňkden ýasalan temençeler, haýwanlaryň uzyn tüýi we kesiji gaýa daşlary ulanylypdyr. Iň gadymy iňňeler 41 müň ýyl ozal peýda bolupdyr.
Suratkeşlik. Gaýalara surat çekmek iň gadymy adamlaryň halaýan pişeleriniň biri bolupdyr. Ispaniýadan tapylan iň köne gowak suratlary adamlaryň 67 müň ýyl ozal bu hünär bilen meşgullanyp başlandyklaryna güwä geçýär. Gadymy sungat eserlerinde gündelik durmuş, adamlar we töwerekdäki haýwanlar şekillendirilipdir.
Sazandaçylyk. Aýdym-sazyň nirede, haçan dörändigini anyk aýtmak kyn. Alymlar saz çalmak hünäriniň 50 müň ýyl ozal dörändigini çaklap, ilkinji saz guralynyň adamyň öz sesi bolandygyny belleýärler. Iň gadymy saz gurallary Germaniýanyň çäklerinden tapylýar. Agaçdan, malyň şahyndan ýasalan tüýdükler, ýüzüne deri çekilen depler ilkinji saz gurallary hasaplanýar.
Ekerançylyk. Dünýäniň suwarymly ýerlerinde ýaşan adamlar ekerançylyk bilen meşgullanan ilkinji oturymly halklar hasaplanýar. Ilkibaşda miwe çöpläp, ösümlikdir däne ýygnap güzeranyny aýlan adamlar 12 müň ýyl ozal ekin ekip başlaýarlar. Gadymy Mesopotamiýa daýhançylygyň başlanan ýeri hasaplanýar. Miladydan öňki 9500-nji ýyllarda adamlar bugdaý, arpa, nohut, mekgejöwen, zygyr ýaly däneli ösümlikleri ekipdirler. Ilat sanynyň artmagy bilen ekerançylyk ýerleri we daýhanlar ýyl-ýyldan köpelipdir.
Gurluşykçy. Adamlar 10 müň ýyl ozal çarwa durmuşdan daşlaşyp, oturymly ýaşaýşa geçip ugrapdyrlar. Mesopotamiýada oba hojalygynyň ösmegi bilen ilkinji siwilizasiýalar bolan hemişelik ilatly nokatlar gurlup başlanypdyr. Ilkibaşda ýaşaýjylar tarapyndan ýönekeýje çatmalar, aýmançalar gurlan bolsa, soňlugy bilen jemgyýetde ussalar döräp, palçykdan jaýlar salnyp başlapdyr.