Açaryňyzy ýatdan çykardyňyzmy? Satyn almaly zatlaryňyzyň sanawyny öýde galdyrdyňyzmy? Haýsydyr bir waka ýa-da biriniň ady ýadyňyza düşenokmy? Käwagt ýygy-ýygydan şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly bolup, bilermenler ýatkeşligi ösdürmegiň birnäçe usulyny hödürleýärler. Geliň, bu usullar bilen tanyş bolalyň!
Gündelik endiklere fiziki işjeňligi goşmak. Fiziki işjeňlik gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, dartgynlylygy azaldýar we bedeni kuwwatlandyrýar. Şeýlelikde, fiziki işjeňlik ýadyň güýçlenmegine kömek edýär. Hepdede azyndan 150 minut çalt ýöremek hem-de hepdede ortaça 75 minut ylgamak maslahat berilýär. Türgenleşmäge hiç hili wagtyňyz ýok bolsa, günüň dowamynda 10 minutlyk gezelenç edip bilersiňiz.
Akyl taýdan işjeň bolmak. Fiziki hereketiň bedeni kuwwatlandyrmaga kömek edişi ýaly, akyl taýdan işjeňlik beýnidäki amallaryň çaltlaşmagyna hem-de takyk pikirlenişe ýardam berýär. Krossword, tapmaçalary çözmek, saz çalmak, dil öwrenmek beýniniň işjeňligini artdyrýar. Bu, esasan hem, uly ýaşlylara degişli bolup, ýatkeşligiň kütelme howpyny azaldýar.
Aragatnaşykda bolmak. Jemgyýetçilik gatnaşygy göwnüçökgünligiň we sussupesligiň öňüni almaga kömek edýär. Ýakynlaryňyz, dostlaryňyz bilen ýygy-ýygydan görşüň! Çagalygyňyzy, gyzykly wakalary ýatlaň! Bu ýatkeşligiň ösmegine kömek eder.
Bellik etmek. Käte ünsüň bir zada gönükdirilmegi netijesinde etmeli işleriň, möhüm duşuşyklaryň we gitmeli ýerleriň ýatdan çykyp biler. Munuň üçin meýilleşdirýän işleriňizi ýörite depderçä, senenama ýa-da telefondaky ýatladyja belläp goýmaly. Ýatdan çykmagy mümkin bolan zatlary haýsydyr bir zat bilen baglanyşdyrmaly. Mysal üçin, sanlar bilen, reňkler bilen, aýdym bilen… Öýden çykmankaň ähli zadyň ýerbe-ýerdigine göz gezdirmeli. Munuň üçin aýnanyň ýa-da mebeliň burçuna ýatladyjy kagyzy hem ýelmäp bilersiňiz.
Ukyňy doly almak. Ýeterlik derejede ukyňy almagy endik etmeli. Bellemeklerine görä, adama her gün 7-9 sagat uky gerek. Uky ýatlamalaryňyzy berkitmekde, beýniniň täzelenmeginde möhüm orun eýeleýär.
Sagdyn iýmitlenmek. Sagdyn iýmit adam bedeni üçin örän zerurdyr. Miweleri, gök we däneli önümleri köpräk iýmeli. Iýmit sanawynda, esasan, balyk, noýba we guş eti ýaly beloga baý iýmitler bolmaly. Ýatkeşligiň ýitelmegi üçin içýän zatlaryňa hem uly üns bermeli.
Özüňize ideg etmek. Özüňize näçe gowy ideg etseňiz, ýadyňyzam şonça gowulaşar. Derman serişdeleriniň ýadyňyza oňaýsyz täsir edýändigini nazara alyp, tebigy melhemleri, dermanlyk otlaryndan demlenen çaý içseňiz has netijeli bolar. Mundan başga-da, işden soň kellä dynç bermek maksady bilen bally, limonly, narpyzly gök çaý içmek maslahat berilýär.