2026-njy ýylyň birinji çärýegine çenli Dubaýda howa taksilerini işe girizmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda “Joby Aviation” amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ulag serişdelerini synagdan geçirmek we degişli şahabadatnamany bermek prosesi dowam edýär. Bu barada ýurduň Ulag we ýol edarasynyň (RTA) ulag tehnologiýalary boýunça departamentiniň müdiri Haled Al Awadi habar berdi. Al Awadiniň aýtmagyna görä, munuň bilen ugurdaş aerotaksiler üçin infrastrukturany taslamalaşdyrmak işi alnyp barylýar. Şeýle hem Britaniýanyň “Skyport” kompaniýasy wertiportlary – dikligine uçup hem gonup bilýän howa ulaglarynyň terminalyny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Şular ýaly desgalardan 4-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň 2 sanysy ýakyn geljekde, ýagny 2026-njy ýylyň başyna çenli taýýar bolar. Mundan başga-da, howa taksileri üçin gözegçilik we howpsuzlyk ulgamy hem dörediler. Olaryň ulanylmagynyň dikuçarlary kärendesine almakdan has arzan bolmagyna, hyzmatyň bahasynyň limuzini kärendesine almak bilen deň bolmagyna garaşylýar. Aýratyn hem, elektrik aerotaksileriň sesi adaty dikuçarlardan 100 esse pes bolar. Bu aerotaksilerden başga-da, 2025-nji ýylda ýurtda “General Motors” bilen bilelikde işlenip taýýarlanýan sürüjisiz taksi-awtomobilleri işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň ählisi hem ulag hyzmatlarynyň ekologiýa taýdan arassalygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Al Awadi – “Biz gibrid we elektrik hereketlendirijileriniň hasabyna limuzin hyzmatyny 2026-njy ýyla çenli ekologiýa taýdan doly derejede arassa etmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem Dubaýyň ähli taksileri 2035-nji ýyla çenli elektrik bolar, 2050-nji ýyla çenli bolsa awtobus parky hem diňe elektrobuslardan ybarat bolar” diýip belledi.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.