Ekerançylyk ýerlerinde, öri meýdanlarynda, adatça goňur ýa-da garamtyl-goňur topragy görýäris. Näme üçin toprak dünýäniň köp ýerinde şol bir reňkde? Näme üçin toprak asyrlarboýy reňkini üýtgetmedikä? Geliň, topragyň goňur reňkde bolmagynyň syrlary bilen tanyş bolalyň!
Dünýäniň köp ýerinde toprak şol bir reňkde. Bu ýagdaý bize tebigatyň bolmaly kadasy ýaly bolup görünýär. Mysal üçin, asman gök, Gün sary, ýer goňur we ş.m. Aslynda topragyň goňur bolmagy galyndylardan galan uglerod bilen baglydyr. Adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň köpüsinde, şonuň ýaly gury ýeriň köp böleginde suw we ösümlik bar. Janly-jandarlaryň ýaşamagy bes edip ýere garylmagy, ösümlikleriň, ot-çöpleriň gurap topraga goşulmagy bilen ýerde uglerod emele gelýär. Uglerodyň topraga garyşmagy bilen goňur reňk emele gelýär.
Topragyň goňur reňkde bolmagy şol ýeriň geografik taýdan ýerleşişine, beýikligine, temperaturasyna, suw üpjünçiligine we belok düzümlerine hem baglydyr. Şeýle hem toprak düzümindäki mineral we organik maddalara baglylykda gyzyl, agymtyl ýaşyl, gök we çal reňkde hem bolup biler. Mysal üçin, gyzyl we sary toprak köplenç çölde hem-de gurak howaly ýerlerde gabat gelýär. Sebäbi gyzyl we sary toprakda organik maddalar az bolup, köp mukdarda demir oksidi saklanýar.
Topragyň ýüzünde suwuň köp wagtlap saklanmagy howanyň ýere täsir edijiligini we okislenme ähtimallygyny peseldýär. Netijede, toprak çalymtyl reňke öwrülýär. Muňa şor ýerler mysal bolup biler.
Kalsit we glaukonit maddalary topraga aralaşanda ak ýa-da ýaşyl reňke öwrülýär. Ak ýa-da ýaşyl toprakly ýerlere janly-jandarlaryň ýaşamaýan we ösümlikleriň bitmeýän ýerinde duş gelmek bolýar.
Umuman, ýerde uglerodyň köpelmegi we azalmagy topragyň reňkine täsirini ýetirýär. Topragyň reňkini üýtgetmegi birnäçe ýyllaryň, hatda asyrlaryň dowamynda bolup geçýär.