24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri – talyplar, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, merdana türkmen halkyna gülläp ösüş, bagtyýarlyk arzuw edip, forumyň wekilleriniň mejlisiň gün tertibi, serediljek soraglar bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi. Şeýle-de, milli Liderimiz gün tertibine hödürlenen soraglar we resminamalar boýunça teklipleriň, bellikleriň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylýandygyny yglan etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de sanlyja günden berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň işi barada aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.
Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi.
Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýär. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyz, enelerimiz halkymyzyň guwanjy hem buýsanjydyr. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet baradaky arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bize pederlerimiziň belent hem-de asylly arzuwlary hakykata öwrülen parahat, asuda, berkarar ýurtda ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi. Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris. Mähriban halkymyzyň maksada okgunly işleri bilen ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny, jemgyýetimiziň gülläp ösmegini gazanarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz ykdysady ösüşiň her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidigini aýdyp, biziň ykdysady üstünliklerimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini; ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny; ykdysady özgertmeleriň işjeň depginini; adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini; dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda görkezdi. Şeýle bolansoň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşyny dowam edip, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň ylym, bilim, medeniýet bilen berk baglydygyna ünsi çekdi. Altyn güýzüň ilkinji gününde – Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşuryldy. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi. Geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralary gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak bilen bagly mesele dogrusynda-da durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy; saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy; ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi; ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy; müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi; Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek teklip edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän syýasatyň ykdysady ugruna degip geçip, kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagumuň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan beýleki işleriň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, şäherdir obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýändigine ünsi çekdi.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýylda geçiriljek mejlisine 2026 – 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.
Biz geljek, 2025-nji ýylda şanly senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Merdana halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakda hem-de jebisleşdirmekde geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli. Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň egsilmez güýjüni ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirmekden ybaratdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Biziň amala aşyrýan beýik işlerimiz raýatlarymyzyň, çagalarymyzyň, agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Şu ýylyň martynda ynsanperwer gymmatlyklary goldanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledik. Garaşsyz ýurdumyzda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çaganyň saglygy dikeldildi we bu ynsanperwer işi biz geljekde-de dowam etdireris.
Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys diýip, hormatly Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda aýtdy we foruma gatnaşyjylara hem-de halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar hem abadan durmuş arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz umumymilli foruma gatnaşyjylara söz berdi.
Mejlisde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy H.Ereşow, Mary welaýatynyň Mary şäher salgyt bölüminiň işgäri A.Jumamyradow, Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň hünärmeni J.Garajaýewa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy M.Geldiýew, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany M.Jumaýewa, Bäherden sement zawodynyň hünärmeni D.Meretgeldiýewe, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň baş hünärmeni T.Gurtgeldiýew, harby gullukçy K.Öwezmuhammedow we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby S.Amanmyradow dagylar çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, bu taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň örän möhüm soraglarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny belledi.
Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanymyza söz berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys diýip belledi hem-de hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri kesgitleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Biz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredendigini belledi. Biz geljekde hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Biz ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklary üçin berilýän ýeňillikli karz we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwrebap şäherleriň, täze obalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýylda-da üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.
Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 67,8 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 32,2 göterimi goýberildi. Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi üpjün edildi. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Ahal hem-de Lebap welaýatlarynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Ahal – Balkan, Mary – Ahal, Balkan – Daşoguz ugurlary boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileri işe girizildi. Bu bolsa içerki sarp edijilerimiziň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýakyn günlerde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda gurlan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy geçiriler.
Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde Diýarymyzyň welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherleri durnukly ösdürilýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher – Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň bir ýyllygy ýokary derejede bellenildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide bolsa Arkadag şäheri üç sany baýraga mynasyp boldy. Iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde Arkadag şäherine baş baýragyň gowşurylmagy aýratyn buýsandyryjy wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
2026-njy ýyla çenli onuň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berler. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy geljekde hem dowam ederis.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygy bilen bagly meselä geçip, bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylandygyny belledi. Ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy-da ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ösüşiniň ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzda ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda-da asylly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Biz tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu ýyl ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy esasynda ýurdumyzda hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamakda netijeli halkara gurala öwrüljek «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklipleriniň dünýäde uly goldaw tapandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan söwda toplumy bilen bagly meseleler barada durup geçip, «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýändigini aýtdy. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary artdyrylýar. Yzygiderli guralýan sergiler, maslahatlar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hem möhüm özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Ýokary hilli harytlary öndürýän toplumlary gurup, halkara ülňülere laýyk gelýän eksport önümçiligini giňeldýäris. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär. Geljekde hem täze kärhanalary işe girizip, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da berkitmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanýandyklaryny, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçileriň uly paýynyň bardygyny nygtap, geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag-kommunikasiýa toplumynda durmuşa geçirilýän işler barada durup geçip, bu ugurda-da netijeli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi. Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýalar toplumynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Ýurdumyzyň dürli künjeginde ulag-kommunikasiýalar toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şu ýyl biz Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň toplumyny ulanmaga bereris. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy açylar. Biz ýurdumyzda ulag-kommunikasiýalar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek, mekdep-gimnaziýalary açmak hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumyýaşaýyş jaýynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy, Täjigistan Respublikasynda bolsa dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Munuň özi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň, abadan we bagtyýar durmuşynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orny eýelär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýakyn wagtda bolsa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana işe giriziler.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn geljekde biz Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz medeniýetiň we sungatyň halkymyzyň ruhy baýlygydygyny aýdyp, ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi şu ýyl sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirildi. Geljek ýylda bolsa bu özboluşly sungat baýramçylygy Ahal welaýatynda geçiriler. Biz döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň ýadygärligini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şanly ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen göterýär. Bu şöhratly wakalaryň biri-biri bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumynyň, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna guraljak beýleki giň gerimli çäreleriň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi hem Bitaraplygymyzyň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny subut edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, biz dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen garşylamaga häzirden düýpli taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen bagly mesele barada durup geçip, milli parlamentiň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatda netijeli işleri alyp barýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaly diýip hasaplaýarys. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ählihalk forumyna gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde, däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti, ýaşlary watançylyk, halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeländikleri üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Soňra «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik I.I.Kuzmine, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi A.S.Nurmuhammedowa we meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi S.Babaýewe döwletimiziň iň ýokary sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, berkarar döwletimiziň gülläp ösüşini üpjün etmekde, bagtyýar durmuşyny gazanmakda uly wezipeleriň öňde durýandygyny aýtdy we amala aşyrylýan giň gerimli, tutumly işlere ýurdumyzyň her bir raýatynyň agzybirlikde, jebislikde gatnaşyp, mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.