27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli esasy dabaralar toý lybasyndaky köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Hökümet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler.
Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz gözden geçirilişe başlamaga rugsat berýär.
Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri egin-egne berip durlar.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Mukaddes tugumyz asuda asmanymyzda parlap, hakyky watançylyk, ata Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň döredijilik ruhy ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyrýar. 33 ýylyň dowamynda ýurdumyz Döwlet baýdagynyň astynda öz täze taryhyny ýazýar, öňegidişligiň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere ýetýär, Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýär.
Däp boýunça, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Döwlet baýdagyny, goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler.
Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe belentden tutulýan häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.
Zenan harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen asmanda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.
Meýdança Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan ybaratdyr. Olar halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly beýik söweşjeň serkerdelerimiziň şöhratyna mynasyp nesillerdir.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.
Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, döwrebap takyk ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» atly korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Tomaşaçylar ekranda “Galkan” kysymly serhet-gorag gämilerini synlaýarlar.
Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan gezekli-gezegine dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip gidýär. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «TITAN DS» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «ХР-1000» we «MV-850» kysymly kämil kwadrosikller hereket edýär. Soňra meýdança ýokary söweşjeň ýaraglar gurnalan «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar çykýar. Watan goragçylary «DAGOR» harby awtoulaglarynda öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.
Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» we «Bars» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar bilen dowam edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Baýramçylyk ýörişini “BTR-80A” kysymly sowutlanan tehnikalardyr pulemýotlar hem-de asmana atyjy göçme raketa toplumlaryny özünde jemleýän «TITAN-DS» we «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar dowam edýär. 2-nji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Taýfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-2D”, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň döwrebap harby ulaglary geçýär.
Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary kuwwatly öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezip bolar. Şol tehnikalar münberiň öňünden geçýär. Soňra meýdançadan «KamAZ» kysymly awtoulagyň çekijisine ýüklenen «D-30» görnüşli toplar, «BM 21A BELGRAD» hem-de «Smerç» kysymly reaktiw ulgamlar geçýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar.
Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «TITAN DS» kysymly harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan, «KLTV-181» kysymly köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar, pesden uçýan uçarlar we dikuçarlar, «ZU-23-2» kysymly sowutlanan ulaglar geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe «Baýraktar TB2» we «Falko» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «Orbiter-2B», «CW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar, «QW-12» görnüşli elde göterilýän asmana atyjy raketa toplumy, «LDC-00» kysymly radarly serkerdelik dolandyryş ulgamy görkezildi.
Harby gözden geçiriliş «Rode Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy oturdylan «Land Rover» we «SwellPro Spash Drone 4» uçarmansyz uçýan enjamly, «MAN» kysymly harby awtoulaglaryň geçmegi bilen dowam edýär. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň howa giňişligini ygtybarly goraýarlar. Olaryň yzy bilen «KS-1A», «FD-2000», «Peçora-2BM», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar.
Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly harby awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler hem-de olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141» hem-de «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar.
Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.
Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «33» ýazgyny emele getirip geçýärler. Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde «IVECO M65» kysymly ýörite enjamlaşdyrylan sowutlanan söweşjeň awtoulagy, «Storm-Rider» söweşjeň awtoulagy, «Lazar III» kysymly sowutlanan tehnikalar görkezildi. Altynjy mehanizirlenen kerweniň başyny «TITAN DS» kysymly sowutlanan täsin awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrliginiň «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglary geçýär. IIM-niň işgärleriniň garamagynda «FORD ATLAS», «Toyota Tundra», «GMC Sierra», «PMV Survivor II» we «INKAS SENTRY» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar hem bar. Olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini goldamaga hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary hem tomaşaçylara görkezildi.
Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Bu tehnikalaryň maksady guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije-gündiz ot açyş bilen goldamakdan ybaratdyr. Olaryň yzy bilen «С-27J Spartan» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler. Bu bolsa Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny goramagyň ygtybarly ellerdediginiň güwäsidir. Şu gün görkezilen häzirki zamanyň iň kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.
Dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam edýär. Bu düzümiň esgerleri ellerindäki ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler. Meýdançada Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilen heýkeliniň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra gaýduwsyz Watan goragçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýan “33” sany şekillendirýärler. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan we milli sungatymyzyň gaýtalanmajak eseri bolan türkmen haly gölüniň şekilini emele getiren Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam edýär. Döwrebap sanly tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň mümkinçilikleri watandaşlarymyzyň, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň bu dabara göni ýaýlymda tomaşa etmeklerini üpjün edýär.
Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykarýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligini, beden gurluşyny açyp görkezýär. Dowamly atly bu ajaýyp bedew Käkilik we Mertebeli diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berilýär.
Türkmen halkynyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ajaýyp gyr bedew meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Soňra elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlanýar. Gadymy döwürlerden bäri behişdi bedewler halkymyzyň ähli baýramçylyklarynyň bezegidir. Bedewler täze taryhy döwürde milli taryhymyzyň janly nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize sowgat edilip, soňra döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ýokary okuw mekdebine berlen bedewlerde dabaraly geçýärler. Meýdança çykarylan ajaýyp dor at çarpaýa galyp, münberiň öňünden geçýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli görkezme çykyşlary taýýarlanyldy. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetirýän tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary haýran galdyrdy.
Atlylaryň çykyşlary we baýdakly çapyksuwarlaryň ýörişi ornuny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen çalyşdy. Meýdança tans toparlary, türkmen halkynyň, şeýle hem dünýäniň beýleki halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň keşplerini janlandyrýan teatr artistleri çykdylar. Olar häzirki nesillere watançylyk mazmunyndaky goşgy setirleri we aýdymlar bilen ýüzlenýärler.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açýarlar. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykýar. Mälim bolşy ýaly, gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar giňden ulanylan bu täsin “akylly” şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şanyna gutlaglar ýaňlanýar. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär.
Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär.
Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.
Meýdança Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler çykýarlar.
Meýdançadan Türkmenistanyň ykdysadyýet ulgamynyň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy hereket edýär.
Meýdançadan gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleri geçýärler.
Soňra Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri ýeten sepgitlerini görkezýärler.
Soňra meýdançadan Energetika ministrliginiň awtoulag platformasy geçýär.
Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezilýär.
Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar.
Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri geçýärler. Meýdançadan “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň awtoulag platformalary hereket edýär.
Soňra meýdançadan Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, bank pudagyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi.
Oba hojalyk ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we pudagyň işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler.
Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi.
Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy!” atly kompozisiýasy Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyzda dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny şatlyk hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen jemlendi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary çykyş etdiler. Konsert tamamlanandan soňra, baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň gijeki görnüşlerini bezedi.