Hindistan öňdebaryjy ýurt bolar
Bilermenler Hindistanyň ykdysady ösüşi başdan geçirjekdigini, netijede, ýurduň jemi içerki önümiň ösüşi babatda 2030-njy ýyla çenli dünýäde öňdebaryjy ýurt boljakdygyny öňe sürýärler.
“S&P Global” guramasynyň çaklamalaryna görä, hindi ykdysadyýeti her ýyl 6,7 göterim ösüp, onuň möçberi 2030-2031-nji ýyla çenli 7 trillion dollardan geçer. Bu depgin bolsa, ýurda dünýäde üçünji uly ykdysadyýete öwrülmäge mümkinçilik berer.
-Durnukly ykdysady ösüş Hindistanyň karz ukyplylygyna oňyn täsirini ýetirýär. Biz munuň geljek iki-üç ýylda üýtgemejekdigine ynanýarys – diýip, “S&P Global” guramasynyň hünärmenleri belleýärler.
Arzan we bilimli işçi güýji, ýokary tehnologiýaly hyzmatlaryň ösüşi we önümçiligiň Hytaýdan göçürilip getirilmegi ösüşiň esasy faktory bolar.
Maýa goýumlary üçin iň geljegi uly pudaklar elektronika, derman önümleri, Gün energiýasy we batareýa önümçiligidir. Deňiz söwdasyny ýokarlandyrmak üçin port infrastrukturasyny ösdürmek möhüm rol oýnaýar.
-Hindistan eýýäm iň köp nebit satyn alýan ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Emma Hytaýdan tapawutlylykda, ählisi diýen ýaly gaýtadan eksporta iberilýär. Nebit çig maly, adatça, nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda dizele, mazuta we beýlekilere öwrülip, beýleki ýurtlara eksport edilýär – diýip, Russiýanyň Milli energiýa howpsuzlygy gaznasynyň öňdebaryjy hünärmeni Igor Ýuşkow belleýär.