29-njy sentýabrda Awstriýada geçirilen parlament saýlawlarynda “Awstraliýanyň erkinlik partiýasy” sesleriň 29,1 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy. Bu barada Awstriýanyň jemgyýetçilik teleýaýlymy ORF habar berildi. Şeýlelikde, “Awstriýanyň erkinlik partiýasy” taryhy rekord gazanyp, ilkinji gezek saýlawlarda öňdeligi eýeledi.
Ikinji orunda sesleriň 26,2 göterimi bilen häzirki Kansler Karl Nehammeriň ýolbaşçylygyndaky konserwatiw “Awstriýanyň halk partiýasy” gelýär. Üçünji orunda “Awstriýanyň Sosial-demokratik partiýasy” (20,4 göterim) gelýär. Ondan soňra 8,8 göterim bilen “Täze Awstriýa – Liberal forum” we 8,6 göterim bilen “Ýaşyllar” gelýär.
Şeýlelik bilen, “Erkinlik partiýasy” Milli geňeşe geçirilen saýlawlarda iň güýçli syýasy güýje öwrüler. Ikinji Respublikany esaslandyryjylar bolan Konserwatorlar we Sosial-demokratlar bilelikde alanyňda, 50 göterimden köp ses alyp bilmediler. Mundan öpň “Erkinlik partiýasy” Awstriýada geçirilen Ýewropa saýlawlarynda hem ýeňiş gazanypdy.
Häzzirki wagtda öňdebaryjy partiýalaryň hiç biri-de absalýut köplügi alyp bilmeýär, şonuň üçin hökümet gurmak üçin koalisiýa gurmak meselesi ýüze çykýar. Eýýäm partiýalaryň köpüsi “Awstriýanyň erkinlik partiýasy” bilen koalisiýa döredilmegine garşydygyny mälim etdiler. “Awstriýanyň halk partiýasynyň” başlygy Karl Nehammer, öz partiýasynyň “Awstriýanyň erkinlik partiýasy” bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigini aýtdy. Koalisiýa döretmek birnäçe aý dowam edip biler.