Balygyň adam saglygyna uly peýdasynyň bardygy lukmançylyk ylmynda täzelik däl. Emma golaýda geçirilen barlag hepdede azyndan bir gezek balyk iýen çaganyň has rahat uklaýandygyny aň taýdan ösüşiniň hem ýokary bolýandygyny ýüze çykardy. Mundan ozalky barlaglaryň birnäçesinde-de balyklaryň köp görnüşiniň düzüminde bar bolan omega 3 ýag turşulygy bilen ukynyň we aňyň arasynda baglanyşygyň bardygy anyklanypdy. “Scientific Reports” neşirinde ýaýradylan makalanyň awtory, Pensilwaniýa uniwersitetiniň mugallymy Jiangong Liu barlaga 9-11 ýaşlary aralygyndaky gyz we oglan çagalaryň gatnaşandygyny belleýär. Uniwersitetiň Perelman lukmançylyk mekdebiniň professory Adriýan Raýn Omega-3 turşulygynyň çagalaryň jemgyýete goşulmak ukybynyň hem artýandygyny belleýär. Hytaýda geçirilen ylmy barlagda çagalar söz arkaly hem-de fiziki ukyplaryny ölçeýän “Wechsler Intelligence Scale for Children-Revised” atly synagdan hem geçdiler. Olaryň maşgalalary bolsa, çagalarynyň gündelik edýän işleri barada jikme-jik maglumat berdiler. Şeýle hem barlagda ene-atalaryň sowatlylyk derejesi, kärler, öýdäki çaga sany ýaly dürli maglumatlar göz öňünde tutulypdyr. Balygyň has köp iýilmeginiň bolsa has rahat uky almaga ýardam edýändigi anyklanypdyr.
Makalanyň awtordaşy professor Jennifer Pinto-Martin bolsa, geçirilen barlagyň balyk iýmegiň saglyga oňyn täsiriniň bardygyny we ony höweslendirmegiň zerurdygyny ýüze çykarandygyny aýdýar. Ol balygyň gylçyklary doly aýrylyp, ünsli ýagdaýda 2 ýaşdan başlap çagalara berlip başlanmalydygyny belleýär.
Ylmy barlagda balygyň görnüşi hasaba alynmady. Geljekde alymlar uly ýaşly adamlaryň arasynda iýilýän balygyň görüşini hem nazarda tutup, täze ylmy barlagy geçirmegi göz öňünde tutýar.
Kuwwat Derekow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.