Angliýanyň çempionatynda myhmançylykda autsaýder “Wulwerhemptony” Konate hem-de Salahyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Liwerpul” 1-nji orna beýgeldi. Soňky çempion “Mançester Siti” myhmançylykda “Nýukasl” bilen duşuşyp, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. “Arsenal” öz meýdançasynda 90-njy minutdan soň 2 gol geçirip, “Lester Sitiden” 4-2 hasabynda üstün çykdy. Londonlylaryň gollarynyň 2-sini Trossar, beýlekileri-de Martinelli bilen Hawerts geçirdi.

Bu möwsümde-de şowsulygy dowam edýän “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Tottenhamdan” 3-0 hasabynda asgyn geldi. London toparyna ýeňiş getiren gollary Jonson (3), Kuluşewski (47) hem-de Solanke (77) geçirdi. Duşuşygyň 42-nji minutynda Bruno Fernandeş gyzyl kart alyp, ol “Ýunaýtedde” ilkinji gezek meýdançadan çykaryldy. “Kristal Palasy” Makniliň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Ewerton” möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

Nýukasl – Man. Siti: 1-1 (Gordon 57 p – Gwardiol 35),

Arsenal – Lester: 4-2 (Martinelli 20, Trossar 45+1, 90+4, Hawerts 90+10 – Jastin 47, 63),

Brentford – West Ham: 1-1 (Mbemo 1 – Souçek 54),

Çelsi – Braýton: 4-2 (Palmer 21, 28 p, 31, 41 – Rütter 7, Baleba 34),

Ewerton – K. Palas: 2-1 (Maknil 47, 54 – Gehi 10),

N. Forest – Fulham: 0-1 (Himenes 51 p),

Wulwerhempton – Liwerpul: 1-2 (Aýt-Nuri 56 – Konate 45+2, Salah 61 p),

Ipswiç – Aston Willa: 2-2 (Delap 8, 72 – Rojers 15, Watkins 32),

M. Ýunaýted – Tottenham: 0-3 (Jonson 3, Kuluşewski 47, Solanke 77),

Bornmut – Southempton