Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Könederýa düzlügi we Sarygamyş çäkleri barada ajaýyp taryhy wakalar beýan edilipdir.
Sarygamyş – ýurdumyzyň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynyň günbatarynda, Sarygamyş çöketliginde ýerleşýän köl. Onuň uzynlygy 125 kilometr, ini 90 kilometr. Sarygamyşyň düýbi deňiz derejesinden 38 metr aşakda ýerleşýär. Gadymy Amyderýa Garagumyň içi bilen, Hazar deňzine guýupdyr. Amyderýanyň suwy ägirt köp mukdarda gyrmançalary getiripdir. Gadymy Amyderýa öz hanasyny özgerdip, onuň bir bölegi Aral deňzinde we beýleki goly bolsa, Dowdan we Derýalyk hanalary boýunça Sarygamyş çöketligini dolduryp, Sarygamyşdan çykyp, häzirki Uzboýyň ugry boýunça Hazar deňzine akypdyr.
XV-XVII asyrlarda türkmenleriň köpüsi Sarygamyş kölüniň kenarlarynda mekan tutypdyr. Alymlaryň pikiriçe, Sarygamyşa Amyderýanyň suwunyň gelmegi XVII asyryň ahyrynda kesilýär we ol tutuşlaýyn Arala akyp başlaýar. Derýalyk we Döwdan hanalary boýunça Amyderýanyň akymynyň kesilmegi we Sarygamyş kölüniň gurap başlamagy bu ýerlerde ýaşaýan türkmen ilaty ekerançylyk hojalygyny alyp barmakdan mahrum bolansoň, özleriniň mekan tutan ýerlerini taşlap, gitmäge mejbur bolýarlar. 1878-nji ýylda Amyderýanyň suwunyň joşup gelmegi sebäpli Sarygamyş çöketligine az wagtlaýyn akypdyr. Şondan soň ol gurap, şor çöketlige öwrülipdir. 1961-nji ýyldan başlap Derýalyk we Köl zeý akabalary boýunça Sarygamyş çöketligine Daşoguz welaýatynyň we Özbegistanyň Horezm welaýatynyň ekerançylyk zeý suwlary akdyrylyp başlanýar. Netijede, Sarygamyş çöketligi ýene-de köle öwrülýär. Häzirki wagtda Sarygamyş kölüniň meýdany 4000 inedördül kilometr töweregindedir. “Altyn asyr” Türkmen kölüne Sarygamyşyň zeý suwunyň bir böleginiň akdyrylmagy bilen bu köl bir durkyny saklaýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda bu çäkde 20 müň gektar meýdanda tokaý zolagy döredilýär.
Öktem Ismailow,
Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky
etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň mugallymy.