1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny Ýaşulularyň halkara güni diýip yglan etdi. Şondan bäri Ýaşuly nesle hormatyň nyşany hökmünde dünýäniň dürli ýurtlarynda birnäçe çäreler geçirilýär, ýaşululara sowgatlar berilýär.
Bilermenler bolsa, bu gün mynasybetli täze maglumatlary taýýarladylar. Soňky ýyllarda, esasan, senagat taýdan ösen ýurtlarda dünýä inýän bäbekleriň sany azalýar, ösen lukmançylyk hyzmatlary bolsa, adam ömrüni uzaltmaga ýardam edýär. Netijede, umumy ilatyň içinde ýaşulularyň sany barha artyp, ýaşlaryň sany azalýar. Maglumatlara görä, 2030-njy ýyla çenli 65 ýaş we ondan ulularyň sany 5 ýaşdan kiçileriňkiden iki esse köp bolar. Bu demografik üýtgeşiklik, esasan, Aziýada we Ýewropada has ýiti duýulýar.
BMG-niň soňky çaklamalaryna görä, dünýä ilaty 2030-njy ýyla çenli 8,5 milliarda, 2050-nji ýyla çenli 9,7 milliarda, 2100-nji ýylda 10,4 milliarda ýeter. 2030-njy ýyla çenli 65 ýaşdan uly ilatyň sany 15-24 ýaş aralygyndan öňe geçer. Ýaşuly nesil diýlip kabul edilýän 65 ýaşdan ulular 1950-nji ýylda ilatyň 20-den 1-ini emele getirýärdi.
Maglumatlara görä, dünýäde iň garry ilatly ýurt Ýaponiýa hasaplanýar. Ýurduň ilatynyň 30 göterimini 65 ýaşdan uly ilat emele getirýär. Ikinji ýerde Italiýa bolup, bu ýurduň ilatynyň 23 göterimini ýaşuly nesil düzýär. Finlýandiýa, Portugaliýa we Gresiýa ýaly ýurtlarda bolsa, ýaşuly nesil ilatyň 22 göterimini emele getirýär.
Ýakyn geljekde Gonkongda we Günorta Koreýada ýaşuly nesil ilatyň 40 göterimine ýeter.
Gresiýa, Italiýa, Malta, Portugaliýa we Ispaniýa ýaly ýurtlary öz içine alýan Günorta Ýewropa “dünýäniň iň garry sebiti” diýlip atlandyrylýar.
Şu ýyl Ýaşulularyň halkara güni 34-nji gezek bellenilýär. BMG her ýyl Ýaşulularyň gününde bir tema bagyşlap çäreler geçirýär. Ýaşululary gününiň şu ýylky temasy – “Abraýly garrama: Bütin dünýäde ýaşuly adamlar üçin ideg we goldaw ulgamynyň güýçlendirilmeginiň ähmiýeti” diýlip bellenildi. Ýaşuly ilatyň has köp jemgyýetlerinde garraýan ilata uýgunlaşmagy we ýaşuly nesil üçin gerek bolan sosial we fiziki gurşawy döretmegiň ähmiýet bellenilýär.