2024-nji ýyldaky Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 286 dalaşgär hödürlendi. Bu barada ” Reuters” agentligi habar berýär.
Bu ýylky dalaşgärleriň arasynda arasynda BMG-niň palestinaly bosgunlar boýunça gullugy, BMG-niň Halkara kazyýeti hem-de guramanyň baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de Rim papasy Fransisk ýaly guramalar we belli şahsyýetler bar.
Şu ýylky Nobel baýragynyň eýeleriniň atlary 7-14-nji oktýabr aralygynda mälim ediler. Parahatçylyk boýunça baýragynyň eýesi 11-nji oktýabrda mälim ediler.