Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli Merkeziniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariýatynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz” atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi. Pagta egriji fabrigiň mejlisler zalynda geçirilen bu bäsleşige etrabyň eli çeper zenanlarynyň uly topary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ady äleme dolan dünýä nusgalyk bolan keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary keşde çekmäge taýýarlygy barada buýsançly, labyzly gürrüň bermek, ýaka, tahýa, kürte we beýleki el işlerini keşdeläp başlamak üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklar işmek, nagyş saýlamak, saljak nagyşlaryna laýyklap ýerligini biçmek we ýerini bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezmek, saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin, labyzly wasp etmek, öz eden el işlerini geýip, onuň waspyny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etmek ýaly şertler boýunça öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Iň gowy çykyş eden, keşdeçilik we el işleri boýunça öziniň ukyp başarnygyny görkezmekde aýratyn tapawutlanan zenanlar saýlanyp emin agzalaryň ýokary baha bermeginde etrabyň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülälek Şämiýewa 1-nji orna, etrabyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýnabat Orazgeldiýewa 2-nji orna, Akgala oba medeniýet öýüniň müdiri Şemşat Paltabaýewa 3-nji oran mynasyp boldylar. 1-nji we 2-nji orna mynasyp bolan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlara etrap zenanlar bölümi tarapyndan Hormat hatlary we etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu bäsleşik gelin-gyzlarmyzyň milliligimize näderejede ygrarlydygyny, keşdeçilik sungatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde gelin-gyzlarmyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýändigini açyp görkezdi.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, Zenanlar guramanyň işjeň agzasy.