Älemgoşar tukany (latynça: “Ramphastos sulfuratus”) daşdeşenler otrýadyna degişli bolan tebigatda duş gelýän iň owadan guşlaryň biridir. Bu guşlaryň uzynlygy 50-53 santimetr aralygynda bolup, ortaça agramy 400 grama ýetýär. Bu guşlaryň uzynlygy 17 santimetre çenli ýetip bilýän ýogyn çüňki bar. Ýagny olaryň çüňkiniň uzynlygy takmynan, bedeniniň üçden bir bölegine deň bolýar. Älemgoşar tukanynyň çüňkiniň reňki ýaşyl bolup, aşaky böleginden gögümtil, gapdal taraplaryndan mämişi zolaklar geçendir. Çüňküniň ujy goýy-gyzyl reňkli. Bu guşuň bedeniniň tüý örtügi tutuşlygyna diýen ýaly, ýagny arkasy we döşi, ganatlarynyň üstki bölegi öçügsi gara reňklidir, boýnunda gyzyl öwüsýän zolagy bar. Kükreginiň tüý örtügi sary, guýrugynyň aşaky bölegi açyk gyzyl reňkli. Älemgoşar tukanynyň gysga we giň ganatlary agaçlaryň arasynda uçanda çalasynlyk bilen öwrüm etmäge ýardam edýär. Älemgoşar tukany örän owadan guş bolsa-da, onuň gurbaganyňky ýaly ýakymsyz sesi bar. Horazlarynyň bedeni mäkiýanlarynyň bedenine garaňda birneme ulurak bolýar.
Älemgoşar tukany 5-10 agzadan ybarat bolan kiçiräk topar bolup ýaşaýar. Bu guş köweklerde höwürtge edinip, bir-biri bilen gysylyşyp, tagaşyksyz çüňklerini ýanyndaky guşlaryň ganatynyň aşagyna girizip ýatýarlar. Höwürtgäni ýerden 3-27 metr aralykda bolan beýiklikde gurýar. Ýaşaýan ýerine baglylykda köpeliş döwri ýanwar-maý aýlary aralygynda bolup geçýär. Jübütleşmeden soň mäkiýan 1-den 4-e çenli ak reňkli ýumurtga goýýar. Ýumurtgalardan 15-20 gün töweregi wagtda jüýjeler dünýä inýärler. Bu guş ýylyň dowamynda 3 gezege çenli köpelmäge ukyplydyr. Bu guşlar jüýjelerini 8-9 hepdä çenli ekleýär. Bu guşjagazlar 3-4 ýaşyna ýetende jyns taýdan ýetişýärler.
Älemgoşar tukany köplenç miweler, ir-iýmişler, mör-möjekler, gurbagalar, beýleki guşlaryň jüýjeleri bilen iýmitlenýär, iýmitini ýerden däl-de, agaç sütünlerinden gözleýär. Bu guşuň ýagysy bürgütdir. Älemgoşar tukany howada uzak wagtlap dowamly uçuşy amala aşyryp bilmeýär. Agaçlarda şahalardan-şahalara aňsat bökýär.
Älemgoşar tukany Günorta Meksikadan demirgazyk Kolumbiýa hem-de demirgazyk-gündogar Wenesuela çenli bolan aralykdaky tropiki tokaýlarda giňden ýaýrandyr. Bedeniniň tüý örtüginde we çüňkünde edil älemgoşardaky ýaly reňkleriň sazlaşygynyň bolanlygy sebäpli bu guş “älemgoşar tukany” adyny alandyr.
Ogulgözel MOMMALIÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.