Şu ýylyň dowamynda futbolçylyk karýerasyny tamamlan oýunçylaryň hataryna ýene biri goşuldy. Ispan futbolynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzlaryndan Andres Iniesta 40 ýaşynda professional futbol ýoluny tamamlady. 1984-nji ýylyň 11-nji maýynda Albaseteniň Fuentealbilýa obasynda dünýä inen Andres Iniesta ilki “Albasete” toparynyň ýaşlar düzüminde oýnaýar. 1996-njy ýylda “Barselonanyň” gapysyndan ilkinji ädimini äden Iniesta 2000-nji ýylda katalonlaryň “B” toparynda oýnap başlaýar. 2002-nji ýyldan başlabam esasy toparyň oýunçysy bolýar. Ol 16 ýyllap “Barselonanyň” köýnekçesini geýýär. Onuň bu klubda gazanan kuboklarynyň sany 29-a deň bolup, onuň 9-sy “La Liganyň” çempionlygydyr. UEFA Çempionlar Ligasynda-da 4 çempionlyk gazanan Iniesta 2018-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparynyň düzümine goşulýar. Ol bu 6 ýyl çykyş edýär. 2023-nji ýylda “Wissel Kobe” taryhynda ilkinji gezek Ýaponiýanyň çempionlygyny gazanýar. 2023-nji ýylyň awgustynda Aziýanyň başga bir ýurdy – BAE-niň “Emireýts” toparynda oýnap başlaýar we taşlaýança bu klubuň köýnekçesini geýýär. Iniesta klub futbolynda 885 duşuşyk geçirýär. Şolarda 93 gol salyp, 161 goluň pasyny berýär.

Iniesta Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň iň esasy ýyldyzlarynyň biri bolup, ol 2010-njy ýylda gazanylan Dünýä Kubogynyň çempionlygyna uly goşant goşýar. Finalda ispanlar Iniestanyň goly bilen ýeňiş gazanyp, ilkinji çempionlygyny baýram edýär. 2008-nji we 2012-nji ýyllarda-da Ýewropanyň çempionlyklarynda-da Iniestanyň iňňän köp goşandy bolýar. Ol Ispaniýanyň ýygyndysynda 131 duşuşykda meýdança çykyp, 13 gezek tapawutlanýar.

Iniesta karýerasy boýunça 37 kubogy asmana göterýär. Ähli döwürleriň iň ökde ýarymgoragçylaryň biri bolan Iniestanyň mundan soň tälimçilikde özüni synap görmegine garaşylýar.