Ýakyn günlerde başlanjak NBA-nyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda klublaryň ýoldaşlyk duşuşyklary dowam edýär. Liganyň iň esasy klublaryndan “Los Anjeles Leýkers” bilen “Finiks Sans” topary duşuşdy. Duşuşyk 118:114 hasabynda “Finiks Sansyň” peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň iň esasy aýratynlygy bolsa “Los Anjeles Leýkers” toparynda ataly-ogluň, ýagny LeBron Jeýms bilen ogly Bronni Jeýmsiň bilelikde çykyş etmegi boldy. Şunlukda, NBA-nyň çäginde ýoldaşlyk duşuşygy hem bolsa ilkinji gezek ataly-ogul bir duşuşykda oýnady. Bu taryhy duşuşykdan soň LeBron Jeýms: – Entek doly öwrenişemzok, ýöne diýseň ajaýyp duýgy. Ikimiz, esasanam, maşgalamyz üçin şeýle pursatlary başdan geçirmek diýseň ýakymly täsir galdyrýar – diýip, beýanat berdi.
“Los Anjeles Leýkers” topary Bronni Jeýmsi tomusda NBA-nyň draftynda 55-nji hatardan düzümine goşupdy.