UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 2-nji toparçasynda Rimde Italiýa bilen Belgiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda italýanlar Kambiasonyň 1-nji, Reteginiň 24-nji minutdaky gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne 38-nji minutda Lorenzo Pellegriniň gyzyl kart almagyndan soň oýnuň ykbaly üýtgedi. 42-nji minutda owadan taktikanyň netijesine Belgiýanyň ýygyndysy Maksim De Kuýperiň goly bilen aratapawudy 1 gola düşürdi. 2-nji ýarymda-da Leonadro Trossar 61-nji minutda tapawutlanyp, hasaby deňledi. Duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Toparçadaky beýleki oýunda Fransiýanyň ýygyndysy Wengriýanyň paýtagty Budapeştde oýnalan oýunda Ysraýylyň ýygyndysyny 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Kamawinganyň 7-nji minutdaky goly bilen öňe geçen fransuzlaryň derwezesinden 24-nji minutda Gandelman jogap goluny geçirdi. Ýöne Nkunku (28) bilen dessine täzeden öňe geçen fransuzlar oýnuň ahyrlarynda Genduzi (87) hem-de Barkoliniň (89) tapawutlanmagynda uly hasaply ýeňiş gazandy.