UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 2-nji toparçasynda Germaniýanyň ýygyndysyna Gresiýany bu gezek hem ýeňmek başartmady. Öz meýdançasynda utulan nemesler myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnadylar.

Toparçadaky beýleki oýunda Niderlandlaryň ýygyndysy öz meýdançasynda Serbiýany 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Niderlandlara ýeňiş getiren gollary 31-nji minutda Koopmeýners bilen 71-nji minutda Zirkzee geçirdi. Serbleriň ýeke-täk goluny bolsa 35-nji minutda Swetkowiç öz adyna ýazdyrdy.

Toparçada 4-nji oýunlardan soň Niderlandlaryň hem-de Gresiýanyň 8, Germaniýanyň 5 utugy bar. Serbiýa entek utuk toplamak başartmady.