14-nji oktýabrda Ženewa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew birinji bölümçede çykyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygy bellenildi.
Bölümçäniň çäginde çykyş etmek bilen Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow jemi 32 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň we 5 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady. Bu bolsa adam hukuklaryny goramakda we halkara hukugyny berjaý etmekde Türkmenistanyň ygrarlylygyny görkezýär.