Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Günorta Amerika zolagynda 10-njy duşuşyklar oýnaldy. Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Boliwiýany 6-0 hasabynda ýeňip, garşydaşyny derbi-dagyn etdi. Duşuşykdaky gollaryň 5-sine Lionel Messiniň gönümel goşandy bolup, ol duşuşygy 3 gol, 2 asist bilen tamamlady. Super ýyldyz 19-njy, 84-nji we 86-njy minutlarda tapawutlanyp, 43-nji minutda Lautara Martinesiň, 45+3-nji minutda-da Hulian Alwaresiň gollarynyň pasyny berdi. Duşuşykdaky beýleki goly bolsa 69-njy minutda Molinanyň pasyndan soň Tiago Almada öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, Argentina 6-0 hasabynda ýeňip, sanawyň başyny çekmegini dowam edýär.

3 gol geçiren Messiniň het-trikleriniň sany 58-e ýetdi. Bu görkeziji boýunça Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýan Messi milli toparda 10-njy het-trigini edip, portugaliýaly super ýyldyz bilen deňleşdi. Messi soňky gezegem milli toparda 2021-nji ýylda resmi duşuşykda Boliwiýanyň derwezesinden 3 gol geçiripdi. Şeýle-de, Messiniň milli topardaky gollarynyň sany 112-ä ýetdi. Onuň Ronaldodan 21 goly az.