Ispaniýanyň çempionatynda 6-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berlip, “Real Madride” ýeňiş gazanmak ýeňil düşmedi. Myhmançylykda “Elçe” bilen duşuşan paýtagtlylar oýnuň 25-nji minutynda Arda Güleriň ýerine ýetiren jerime urgusynda top sütüne soňra derwezeçä degip, tora girdi. Dituronyň awtogoly bilen öňe geçen “Real” 33-nji minutda Mbappeniň goly esasynda aratapawudy 2-ä ýetirdi. Ýöne 2-nji ýarymda ýer eýeleri Osorionyň 71-nji hem-de Ninionyň 83-nji minutlardaky gollary bilen hasaby deňledi. Oýnuň 90+1-nji minutynda bolsa 86-njy minutda meýdança giren Karlos Espi topardaşy Mbappeniň pasyndan soň, topy derwezä girizip, “Reala” ýeňiş getirdi. Espi şu möwsümde 2-nji gezek 90-njy minutdan soň gol geçirip, toparyna 3 utuk gazandyrdy.

“Real Sosiedad” bilen “Selta” golsuz deňme-deň oýnady. Tälimçisi Karlos Korberany wezipesinden boşadan “Walensiýa” topary myhmançylykda “Alawesi” Riohanyň 78-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi.

“Raýo Wallekano” bolsa öz meýdançasynda “Espanýoldan” 2-1 üstün çykdy.