Italiýanyň meşhur sport neşirlerinden “Tuttosport” gazeti tarapyndan berilýän “Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi. Ýewropada ýylyň iň ökde ýaş futbolçysyna berilýän baýragyň dalaşgärleriniň arasynda Lamin Ýamal, Žoao Neweş, Worren Zair-Emeri, Arda Güler, Endrik ýaly futbolçylar bar. 21 ýaşdan kiçi futbolçylara berilýän baýragy Lamin Ýamalyň almagyna garaşylýar. Baýragyň ýeňijisi öňümizdäki günlerde mälim edilip, oňa sylagy noýabr aýynda gowşurylar.
Baýrak 2003-nji ýyldan bäri berlip gelinýär we Wan der Waart, Runi, Messi, Fabregas, Aguero, Pato, Balotelli, Pogba, Holann, Pedri, Gawi, Bellingam ýaly futbolçylar gazandy.
- Lamin Ýamal (Barselona)
- Žoao Neweş (PSŽ)
- Worren Zair-Emeri (PSŽ)
- Alehandro Garnaço (Mançester Ýunaýted)
- Pau Kubarsi (Barselona)
- Sawio Moreýra (Mançester Siti)
- Riko Lýuwis (Mançester Siti)
- Aleksandar Pawlowiç (Bawariýa)
- Kobbi Maýnu (Mançester Ýunaýted)
- Ýorrel Hato (Aýaks)
- Jeými Gittens (Borussiýa Dortmund)
- Leni Ýoro (Mançester Ýunaýted)
- Kenan Ýyldyz (Ýuwentus)
- Kristian Moskera (Walensiýa)
- Adam Worton (Kristal Palas)
- Arda Güler (Real Madrid)
- Matis Tel (Bawariýa)
- Dezire Due (PSŽ)
- Oskar Gluh (RB Salsburg)
- Samuel Omorodion (Porto)
- Wilzon Odober (Tottenhem)
- Andreas Skellerup (Benfika)
- Endrik (Real Madrid)
- Eliss Ben-Segir (Monako)
- Samuel Mbangula (Ýuwentus)