Sport diňe fiziki taýdan sagdyn bolmaga täsir etmeýär. Maşk bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň psihologiýasyna hem oňyn täsir edýär. Harward we Toronto uniwersitetiniň bilermenleriniň geçiren barlaglarynda yzygiderli maşk etmegiň adamyň ruhy saglygyna hem oňyn täsir edýändigi barada täze açyşlar edildi. Fiziki taýdan işjeň adam keýpiçag bolýar. Keýpiçaglyk bolsa adam bedeninde ýüze çykyp biljek beýleki keselleriň öňüni alýar. Maşk bedeni tebigy taýdan ýadadyp, rahat we kadaly uklamaga ýardam edýär.
Toronto uniwersitetiniň bilermenleri 26 ýylyň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijelerini seljeripdirler. Netijede, orta derejeli maşkyň hem göwnüçökgünligiň öňüni almaga ýardam edýändigi ýüze çykarylypdyr. Fiziki taýdan hereket etmeýän adam özüni ýadaw duýýar. Bu bolsa işdäki ýa-da okuwdaky işjeňligi peseldýär.
Bilermenler sport bilen meşgullanyp başlamak üçin hem maslahat berýärler. Şoňa görä, eger ozal sport bilen meşgullanmadyk bolsaňyz, onda öňüňizde has kiçi, ýagny aňsatlyk bilen ýerine ýetirip boljak maksatlary goýmaly. Fiziki hereket üçin halaýan maşkyňyzy ýerine ýetirmeli. Eger şondan lezzet alýan bolsaňyz bu maşky ýerine ýetirmek endigi döräp biler. Şeýle hem tutanýerli bolmalydygyny unutmaly däl. Ýagny fiziki hereketiň yzygiderli bolmagy üçin tagalla etmeli.
Jennet Ilamanowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti.