Eziz Watanymyzda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde möhüm işler alnyp barylýar, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty belentde tutulýar. Ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýärler. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň buýsanjydyr.
Milli mirasymyzyň belent derejesini Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň, ören jorabynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýurdumyza gelýän myhmanlar türkmen zenanlarynyň milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň owadanlygyna haýran galýarlar. El hünäriniň milli nusgalaryny dünýä ýaýýan türkmen zenanlarynyň çeper el işleri gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukyp-başarnygyny özünde jemleýär, geljekki nesillere galjak milli mirasymyzyň nusgalyk sungat eserleri bolup hyzmat edýär.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Gelin-gyzlarymyza mahsus üme dessury türkmen gyzlary üçin edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň hem-de sungata aralaşmagyň mekdebi bolupdyr. Ol ýerde ýaş gyzlar boýdaşlaryndan, deň-duşlaryndan ýa-da ýeňňelerinden el işlerini öwrenmek bilen, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep-kadalaryny öwrenipdirler. Şeýlelikde, bu gadymy milli amaly-haşam sungaty menziller aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle hem türkmen milli egin-eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Keşdeçilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklarynyň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşyna berk ornaşypdyr.
Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatynda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli işleri ýola goýmak, ilatdan toplanylan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.
Türkmen halky dünýäniň maddy we medeni gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan halk. Häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýakynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we degişli şahadatnama Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsanç çeşmesidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan ösüşleriň, rowaçlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Munuň şeýle bolmagynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, parasatly syýasaty esas bolýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömüleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Owlak IŞBAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.