Türk­me­nis­tan ýaş­la­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ylym­ly-bi­lim­li, ýo­ka­ry dü­şün­je­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li amat­lyk­la­ryň, mö­hüm şert­le­riň dö­re­di­len ýur­du­dyr. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gyn­da, saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­gyn­da, ýaş ne­sil­le­riň yl­my we dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne hö­wes­len­me­gin­de, öz­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­me­gin­de, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek baş we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýaş nes­le bi­lim ber­mek, onuň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak, ýaş­la­ryň saý­lap alan hü­när­le­ri­ne eýe bol­mak­la­ry, ylym bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty hem şol mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, ol ýaş­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­gyň, ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny we bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gyň ke­pi­li­dir.
Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz – Biz bi­lim ul­ga­myn­da ru­hy taý­dan kä­mil, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­jä la­ýyk gel­ýän umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­ny dö­ret­me­gi, mek­dep-gim­na­zi­ýa­la­ry aç­ma­gy hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri ha­sap­la­ýa­rys – di­ýip bel­läp geç­di.
Ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň, mert­li­giň, gaý­duw­syz­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň we zäh­met­sö­ýer­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek äh­li dö­wür­ler­de hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ga­dym­dan gel­ýän mil­li yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da iň döw­re­bap en­jam­lar, in­te­rak­tiw teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan hä­zir­ki­za­man or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra hal­ka­ra de­re­je­sin­de bi­lim we ter­bi­ýe ber­mä­ge, ola­ryň dur­muş, me­de­ni, ru­hy we be­den taý­dan ösü­şi­ne ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýaş­lar hem öz­le­ri ha­kyn­da edil­ýän ala­da my­na­syp jo­gap ber­mek bi­len, öz bi­lim­le­ri­ni, ze­hin­le­ri­ni we ukyp­la­ry­ny mäh­ri­ban Di­ýa­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­mä­ge ça­lyş­ýar­lar. Olar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly wes­ýet­le­ri­ne eýe­rip, wa­tan­çy­ly­gyň, zäh­met­sö­ýer­li­giň we we­pa­ly­ly­gyň aý­dyň nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär­ler. Bag­ty­ýar ýaş­la­ryň hä­zir­ki we gel­jek­ki eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek üçin çäk­siz ala­da ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary sag, ömü­rleri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Os­man Aşy­row,
Türk­men­ba­şy teks­til komp­lek­si­niň Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.