Häzirki wagtda dünýäniň iň ökde tälimçisi kim diýlip soralanda, köpler ispaniýaly Pep Guardiolanyň adyny aýdarlar. Ançelotti, Klopp, Mourinio ýa-da başga biri diýenler hem tapylar. Ýöne taraply-tarapsyz köpler ispaniýaly hünärmeni saýlasalar gerek. Häzirki wagtda Guardiolanyň dünýä futbolynda täsiri diýseň uludyr.

Katalan tälimçiniň futbolçylyk ýyllary tälimçiligindäki ýaly ýokary derejeli däldi. Ortatap futbolçydanam has öňräkde bolan Guardiolanyň 2007-nji ýylda “Barselonanyň B” toparynda başlan tälimçilik ýolunda gazanmakdyk kubogy ýok diýen ýaly. 70-nji ýyllardaky Ýohan Kroýffly “Aýaksyň” “total futbol” taktikasy bilen başlanan “tiki-taka” futbolyny çür depä ýetiren Guardiolanyň tälimçilige başlan ýylyndan bäri çempionlyk gazanmadyk ýyllarynyň sany bir eliň barmaklarynyň sanyna-da ýetenok. 53 ýaşyndaky tälimçi diňe 3 ýyl çempionlyk gazanyp bilmedi. “Barselonada” 3, “Bawariýada” 3, “Mançester Sitide” 6 gezek çempionlyk gazanan 53 ýaşyndaky tälimçiniň diňe öz tälim berýän klubuna däl, eýsem beýleki klublara-da uly kömegi degýär. Nädipmi, geliň bilelikde göreliň.

Häzirki wagtda gönümel alanyňda Guardioladan tälim alan 6-7 tälimçi bolup, olar Ýewropanyň öňdebaryjy klublaryny türgenleşdirip ýörler. Ýagny Guardiolanyň şägirtleri yklymda birnäçe uly kluba tälim berýär. Olaryň käbirleri gönümel özüniň kömekçisi bolup işlän bolsa, käbirleri onuň oýunçysy hökmünde şägirdi hasaplanýar.

Angliýanyň “Premier Ligasynda” soňky 4 ýylyň çempiony “Mançester Sitiniň” iň esasy 3 esasy bäsdeşiniň tälimçileri belli-belli döwürlerde Guardiolanyň iň esasy kömekçisi, assistenti bolup işläpdiler. Londonyň “Arsenalynyň” ispaniýaly tälimçisi Mikel Arteta 2016-2019-njy ýyllar aralygynda Guardiolanyň ýanynda, ätiýaçlyk oturgyjynda onuň bilen bile oturyp, “Sitiniň” başarnygy üçin bilelikde tagalla baryny edipdiler. “Arsenal” kluby tarapyndan ýörite ugradylan Arteta 2019-njy ýyldan bäri topçulara tälim berip gelýär. Entek oňa halypasyny ozmak başartmasa-da, soňky 2 möwsümden bäri “Mançester Sitiniň” çempionlyk ýolundaky iň uly bäsdeşi. Guardiolanyň watandaşyny entek çempionlyga ýetip bilmese-de, gowy taýýarlandygyny görmek bolýar. Belki şu möwsümde şägirdiň halypadan ozduraýmagy hem mümkin.

Guardiolanyň ýene bir şägirdi, şu günki gün onuň gönümel bäsdeşi bolup, ol Londonyň başga bir topary “Çelsiniň” baş tälimçisi, italiýaly Enzo Mareskadyr. 2020/21 möwsüminde “Mançester Sitiniň” rezerw toparynyň tälimçisi bolan Mareska 2022/23 möwsüminde Pepiň asistenti bolup işleýär. Geçen möwsümde “Lester Sitini” çempion eden 44 ýaşyndaky Mareska bu gezek “Çelsiniň” başynda gönümel halypasyna garşy çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýar. Italiýaly hünärmeniň ýolbaşçylygynda özüni dürsän “Çelsiniň” täze tälimçisi Mareska: – Biz “Mançester Siti”  bilen bäsleşip bilmeris – diýse-de, şu möwsümde halypasynyň çempionlygyna elinden gelen päsgelçiligi berjege meňzeýär.

Pepiň ýene bir şägirdi, olam “Premier Ligada” soňky ýyllarda şowsuz möwsümleri başdan geçirýän “Mançester Ýunaýtediň” tälimçisi Erik ten Hagdyr. Niderland tälimçi Guardiola “Bawariýada” işlän döwründe 2013-2015-nji ýyllarda nemes klubunyň rezerw toparynyň tälimçisidi. Häzirki wagtda Erik ten Hag onuň “Premier Ligada” çempionlyk ýaryşynda iň az päsgel berýän şägirdi diýip bellesek bolar.

Beýleki çempionatlara-da ser salsak, Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-iň öňdebaryjy topary PSŽ-niň tälimçisi Luiz Enrike watandaşy Pepden 1 ýaş uly hem bolsa, ol 2008-2011-nji ýyllar aralygynda, ýagny Guardiolanyň “Barselona” tälim berýän ýyllarynda klubuň “B” toparynyň tälimçisidi. Ýagny onuňam tälimçilik karýerasynda Guardioladan öwrenen zadynyň az däldigine Enrikeniň “Barselonada” işlän döwürlerinde sözüň doly manysynda şaýat bolupdyk.

“Bundesligada” geçen möwsüm taryhyndaky ilkinji çempionlygyny ýeňlişsiz gazanan “Baýer” toparynyň tälimçisi Çabi Alonso hem Guardiolanyň şägirdi hasaplanýar. Alonsonyň “Bawariýada” oýnan ýyllarynda 2 möwsüm tälimçisi Guardiola bolupdy. Lewerkuzenlileriň ýeňlişsiz çempionlygynda Alonsonyň halypasyndan, şol bir wagtyň özüne beýleki halypalaryndan Ançelottiden, Mouriniodan, Benitesden, Del Boskeden öwrenen zatlarynyň täsiri köp boldy.

“Bawariýanyň” häzirki ýaş tälimçisi, belgiýaly hünärmen “Mançester Sitiden” oýnan döwürleriniň 3 ýylynda, 2016-2019-njy ýyllar aralygynda Guardiolanyň şägirdidi. Onuň oýun taktikasy dolulygyna bolmasa-da, Pepden täsirlenen ýerleri az däl.

“Barselonanyň” geçen möwsümdäki tälimçisi, häzirki wagtda hiç bir kluba tälim bermeýän ispaniýaly Hawi Hernandesi hem Pep Guardiolanyň şägirdi hasaplap bolar. Hawi 4 ýyl töweregi Pepiň elinde futbol oýnady. Hawi Pepiň esasy oýun gurujysy bolup çykyş edýärdi.

Bulardan başga-da ýene biri bar, has dogrusy bardy. Belki-de ol ady agzalanlardan has ökde hem boljakdy. Ýöne onuň ömri ýetmedi. Ol ispaniýaly Tita Willanowadyr. 2014-nji ýylda 45 ýaşynda düwnük keselden aradan çykan Willanowa, Pepiň “Barselonanyň” B toparyndan bäri assistentidi. Pep “Barselonadan” gaýdanynda onuň ornuna Willanowa bellenilýär. Willanowa halypasynyň (ýaşy ulam bolsa) oýun taktikasyny birkemsiz, hatda kähalatlarda ondanam öňde hasaplap boljak derejede oýnadýan tälimçidi.

Özüniň oýun taktikasy bilen futbol äleminiň soňky ýyllaryna uly goşant goşan Pep Guardiolanyň şägirtleriniň mundan soňam az bolmajakdygyny anyk aýdyp bileris.

Gazetiň sport synçysy.