Dünýäde her bir ýurt binagärlik gurluşy bilen biri-birinden tapawutlanyp, özüne mahsus arhitekturany emele getirýär. Köp ýurt binalaryny daşdan gurýan bolsa, käbir ýurt aýnadyr agaçdan täsin binalaryň taslamasyny işläp düzýär. Merkezi Ýewropada ýerleşýän Polşa Respublikasy hem täsin binalary bilen tanalýar. Egri öý söwda merkezi, başaşak öý, beýikli-pesli gyzyl kerpiçli jaýlar Polşa barýan syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän binagärlik desgalary hasaplanýar. Gazetimiziň şu sanynda Polşanyň biri obada, biri şäherde ýerleşýän täsin ýaşaýyş merkezleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Polşanyň iň uzyn obasy. Deňiz derejesinden 400 metr belentlikde ýerleşýän Suloszowa Polşanyň iň uzyn obasy hasaplanýar. Obanyň täsin tarapy onuň bir köçäniň ugrunda ýerleşmegidir. Köçäniň iki ýakasynda jaýlar ýerleşip, jaýlaryň howly tarapynda aňrysyna-bärsine gözüň ýetmeýän ekin meýdanlary uzalyp gidýär. Ýaşyl baýyrlaryň, otly meýdanlaryň arasynda gurlan oba ýokardan seredilende hamana güýçli çabga gelip, ähli öýleri bir jaryň içine üýşürene meňzeýär. Pradnik jülgesinde ýerleşýän obanyň uzynlygy 9 kilometre barabar bolup, Orta asyrlarda gurlupdyr. 1791-nji ýylda bu obanyň 2140 ilaty bolup, 381 kottej, 2 ferma, 3 myhmanhana, golaýyndaky Pradnik derýasynyň ýakasynda 4 degirmen bar eken. 1990-njy ýyllarda Suloszowa obasynda abatlaýyş işleri geçirilip, täze fermalar we ammarlar gurulýar. Baýyrlaryň arasynda gysylyp galan bu oba uzyn köçäniň iki gapdalyny eýeleýär. Obada bir gatly we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, ýerli häkimiýetiň binasy, bank, saglygy goraýyş merkezleri, birnäçe dükan, çörek önümleri kärhanalary bar. 6 müňden gowrak ilaty bolan Suloszowa obasynyň daş-töweregi ekerançylyk meýdanlary bilen gurşalan. Bu oba gezelenje gelýän syýahatçylar asuda tebigatda dynç almak bilen bir hatarda, oba durmuşy, ýerli önümçilik we jülgedäki 400-den gowrak gowak bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Polşanyň iň uzyn ýaşaýyş jaýy. «Tolkun köprüsi» ady bilen tanalýan «Falowiec» binasy uzynlygy boýunça Ýewropanyň üçünji ýaşaýyş jaýy hasaplanýar. Bina 1970-1973-nji ýyllar aralygynda gurulýar. Jemi 1779 öýli jaý Gdansk şäheriniň nyşany hasaplanýar. Jaýyň gurulmagy bilen şähere barýanlaryň sany hem artýar. Müňlerçe ýaşaýjyny bir binada jemlemek pikiri binagärler Danuta Oledzka hem-de Tadeusz Rozanskä degişlidir. 10 gatly ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda uzyn geçelge zaly bolup, 4 basgançakly 4 bölekden durýar. Her bölekde ortaça 110 öý bolup, binanyň 6 müň töweregi ýaşaýjysy bar. Uzynlygy 860 metr töweregi bolan ýaşaýyş jaýynyň beýikligi 32 metre, ini 13 metre barabar. Tolkuna meňzeş egri-bugry gurlan bu bina ýeri tygşytlamak we köpçüligi jaý bilen üpjün etmek maksady bilen gurlupdyr.