Ekranyň başynda uzak wagtlap oturmak we ýaramaz howa şerti ýaly faktorlar gözüň guramagyna sebäp bolýar. Gözüň guramagy, esasan, 50 ýaşdan uly adamlarda has ýygy duş gelip, saglyga oňaýsyz täsir edýär. Dürli iş şertleri, gözüňe linza dakmak hem gözüň guramagyna sebäp bolup bilýär. Gözde gyzyl çyzyklaryň döremegi, gyjynma, gözüň ýagtylyga duýgurlygy ýaly ýagdaýlar wagtynda bejerilmese görüş bilen bagly nähoşluklara getirip biler. Gözüň ýeterlik derejede gözýaş öndürmegi, gözi wagtly-wagtynda çyglandyrmak üçin nähili şertleri göz öňünde tutmaly? Geliň, gözüň guramagynyň öňüni almagyň usullary bilen tanyş bolalyň!
Barlagdan geçmek. Gözüň guramagynyň we görşüň peselmeginiň öňüni almak üçin göz barlagyndan geçmeli. Esasan hem, kompýuterde köp işleýän adamlaryň göz barlagyny geçmegi zerurlyk hasaplanýar. Görüş ýitiligi (diagrammadaky harplary okamak), keratometriýa (gözüň egriligini ölçemek), göz funksiýasynyň synaglary (dogry hereket etdirmek we gönükdirmek ukyby) we gözüň gurluşy (damarlar, gözýaş öndürijiligi we mukdary) ýaly barlaglardan geçmek görüş bilen bagly meseleleri aradan aýyrmaga ýardam berýär.
Ýagtylykdan goranmak. Ýagtylygyň göni täsir etmegi gözüň guramagyna sebäp bolup biler. Güneşli günlerde, esasan hem, tomus paslynda daşaryk çykylanda gara äýnek dakynmagy ýatdan çykarmaly däl. Şoňa görä, gowy hilli äýnekleri saýlamalydygyny unutmaň!
Derman serişdelerini dogry ulanmak. Käbir dermany gereginden artyk ýa-da ýalňyş ulanmak gözüň guramagyna getirip bilýär. Derman serişdelerini ulanmazdan ozal lukman bilen maslahatlaşmaly. Lukmanyň maslahaty bolmazdan göze degişli derman serişdelerini ulanmaly däl.
Daşky täsirlerden gaça durmak. Tüsse, ýel we gurak howa gözüň guramagyna sebäp bolýar. Tüsseden gaça durmak, ýelli günlerde äýnek dakynmak gözi daşky täsirlerden goramaga ýardam edýär.
Ýeterlik dynç almak. Ulularyň, adatça, bir gije-gündiziň dowamynda 7-8 sagat dynç almagy zerur. Ýeterlik uky almazlyk, bölek-büçek uky gözýaşyň öndürijiligini peseldip biler. Gündizine sport bilen meşgullanmaga, gijesine kofeinli we spirtli içgilerden gaça durup, ýeterlik derejede uklamaga endik etmeli.
Araçäk saklamak. Uzak wagtlap elektron enjamlary ulanmak we ekrana seretmek gözüň guramagyna hem-de görşüň peselmegine getirip bilýär. Ekranyň (telewizor, kompýuter, telefon) ýalpyldawuk şöhlesine uzak wagtlap seretmek gözüň gyrpyş tizligini azaldýar. Bu bolsa gözüň özüni nemlendirmegine we gözýaşyň döremegine täsirini ýetirýär. Şol sebäpli elektron enjamlar bilen işlenende ekran bilen gözüň arasynda araçäk saklamagy, belli wagt aralygynda 5-10 minutlyk arakesme etmegi, gözüňi ýuwup çyglandyryp durmagy ýatdan çykarmaly däl.