Syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýän Türkiýe baý medeni mirasy, binagärlik gurluşlary, owadan deňiz kenarlary we gadymy obalary bilen syýahatçylary özüne çekýär. Ýurduň iň täsin medeni miraslarynyň birine Kuşköý obasynda duş gelmek bolýar. Giresun welaýatynyň Çanakçy etrabynda ýerleşýän bu obanyň ýaşaýjylary öz aralarynda täsin dili – «guş dilini» ulanýarlar. Bu däp 2017-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan «Gyssagly goragy talap edýän maddy däl medeni mirasyň» sanawyna girizildi.
«Guş dili» näme?
Daglyk sebitde ýerleşýän bu obanyň ýaşaýjylary gaty ses bilen biri-birine bir zady habar bermekden kynçylyk çekipdirler. Netijede, habarlaşmagyň özboluşly usuly – sygyryp düşünişmegi oýlap tapypdyrlar. «Guş dilinde» sözler we sözlemler sygyrmak arkaly aňladylýar. Ýagny barmaklar bilen dili basmak arkaly çykýan owaz labyzly heňe salynýar. Batly we sazly gurluşy bolan «guş dilini» 1 kilometr uzaklykdan eşidip bolýar. Guşlaryň sazlaşykly owazy ýaly eşidilýän «guş dili» bu obada 400 ýyl çemesi ozal peýda bolupdyr. Giresunyň daglyk ýerlerinde ýaşaýan daýhanlar we çopanlar bir-birine çalt we täsirli habar bermek üçin sygyrmak usulyny döredipdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu usul oba ýaşaýjylary tarapyndan kabul edilip, aragatnaşyk serişdesine öwrülipdir. Şol döwürler telefonyň ýokdugy sebäpli bu usul özüne çekiji aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edipdir. Ýerli halk tarapyndan ösdürilen sygyrmak gepleşiginde sözler we sözlemler, gyssagly habarlar dürli ses belentliginde owaza salnypdyr. Häzirki wagtda «guş dili» diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň medeni mirasyna we nyşanyna öwrüldi. Syýahatçylaryň aglaba bölegi Kuşköý obasyna bu medeni mirasy ýakyndan synlamak we öwrenmek üçin barýarlar.
ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda tehnologiýanyň we aragatnaşyk serişdeleriniň ösmegi bilen «guş dilinde» gepleşmek öňki derejesinde saklanmaýar. Esasan hem, Kuşköý obasynda ýaşaýan ýaşlaryň köpüsi «guş dilini» bilmeýär. Şol sebäpli bu däp ÝUNESKO tarapyndan «Gyssagly goragy talap edýän maddy däl medeni mirasyň» sanawyna girizildi. 400 ýyl öň oýlanyp tapylan bu medeni mirasyň ýitip gitmek howpy abanýar. Sygyryp gepleşýänleriň esasy bölegi obanyň garry ilaty bolup, ýaş nesil bu dili öwrenmekde kynçylyk çekýär. Şol sebäpli bu obada 2014-nji ýyldan bäri her ýyl «Guş dili» festiwaly geçirilip gelinýär. Bu köpçülikleýin çäre oba ýaşaýjylaryndan başlap, ýerli we daşary ýurt syýahatçylarynyň iň gyzykly başdangeçirmesine öwrülýär. Festiwalda diliň ulanylyşyna degişli okuwlar, ýaryşlardyr görkezme çykyşlary guralýar.
Kuşköý obasynda ulanylýan «guş diline» meňzeş diller dünýäniň başga künjeklerinde-de duş gelýär. Mysal üçin, Ispaniýanyň Kanar adalarynda ýaşaýan bir taýpa «guş diline» ýakyn silbo dilinde gepleşýär. Meksikada ýaşaýan käbir halklar hem sygyrmak arkaly habarlaşýarlar. Şeýle-de bolsa, Kuşköý obasyny ýaňlandyrýan «guş dili» sözleri we söz düzümlerini sygyrmak arkaly beýan edip bolýandygy bilen tapawutlanýar.