Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligine gözellik goşýan guşlar dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri bolan gyzylinjik (latynça: Himantopus himantopus) bizçüňkliler (latynça, Recurvirostridae) maşgalasyna degişli görnüşdir.
Gyzylinjigiň örän uzyn gyzyl reňkli aýaklary bolup, uzynlygy 18-20 santimetr töweregidir. Aýaklarynda gyzyl reňkli penjeleriniň her biri 3 barmaklydyr. Her barmaklarynyň arasynda perdeleri bolýar. Bu guşuň inçe we uzyn gara reňkli çüňki bolup, onuň uzynlygy 6-7 santimetr aralygyndadyr. Bedeniniň göwresiniň uzynlygy 33-36 santimetr, ganatlarynyň gerimi 67-85 santimetr aralygynda bolýar. Kellesi, ýeňse tarapy, bedeniniň aşak bölegi, guýruk ýelekleri ak reňklidir. Bedeniniň arka tarapy we ganatlarynyň 2 tarapy gara reňklidir. Horazlarynyň kellesiniň üstki böleginiň tüý örtügi gara, bedeniniň arka bölegi ýaşylymtyl reňkli bolýar, mäkiýanlarynyň bedeniniň arka bölegi gyzylymtyl goňur reňkli öwüşgin berýär. Gyzylinjigiň agramy 170-200 gram töweregidir.
Gyzylinjik açyk suw gurşawlarynda ýaşamagy halaýar. Bu guşuň ýaşamagy üçin süýji we şor suwly köller, deňizler, suw howdanlary, ýalpak aýlaglar hatda suwarylan ekin meýdanlary amatly ýerlerdir. Uzyn penjeleri we çüňki çuň gatlakly suwlardan iýmit tapmaga ýardam edýär.
Gyzylinjik uçup geçýän we höwürtgeleýän guş. Baharda mart aýynyň ahyryndan maý aýynyň başyna çenli, güýzüne awgust aýynyň ahyryndan noýabr aýyna çenli bolan wagt aralygynda uçup geçýär. Maý aýynyň ortasyndan awgust aýynyň aýagyna çenli höwürtgeleýär. 5-10 töweregi guşdan ybarat bolan topar bolup uçýarlar. Höwürtge edinen mahaly her höwürtgede 10-dan 30-a çenli guş bolýar. Gyzylinjik ösümlik sypallaryndan höwürtge edinýär. Höwürtgede 4 sany gara-goňur tegmilli, goňurrak-çalymtyl ýaşyl ýumurtgalary goýýar. Ol palçykly ýerlerde oňurgasyzlar, balykgulaklar, leňňeçler bilen iýmitlenýär.
Bu guş Merkezi Ýewropanyň günorta ýerlerinde, Gazagystanda, Demirgazyk Amerikanyň günorta böleginde, Hazar we Gara deňizleriniň kenarýakalarynda, Türkiýede, Sibiriň günorta sebitlerinde, Altaýda ýaşaýar. Biziň ýurdumyzda içki suw ýataklarynda, Hazar deňziniň kenarynda gabat gelýär. Afrikanyň günorta ýerlerinde, Hindistanda, Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Merkezi we Günorta Amerikada gyşlaýar.
Gyzylinjik ýaşamaga amatly bolan ýerlerde adaty görnüşdir.

Mähek KAKYLOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.