Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsüm tamamlanyp barýar. Möwsümiň 12-nji ýaryşy – Merkezi Ýewropa Rallisi Çehiýanyň Praga şäherinde başlap, Germaniýanyň Passau şäherinde tamamlandy. Jemi 18 tapgyrly 302,51 kilometrden ybarat ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 2 sagat 37 minut 34,6 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 21-nji ýeňşini baýram etdi. Ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň britan piloty Elfin Ewans 2-nji, ýeňijiniň topardaşy, sanawyň lideri, belgiýaly sürüji Tierri Noýwill 3-nji orny eýeledi.
Şunlukda, möwsümiň iň soňky ýaryşynyň öňüsyrasynda Tierri Noýwill 225 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär we ilkinji çempionlygynyň bosagasynda dur. 2-nji ýerdäki Ott Tanakyň 200 utugy bar. Tanak 2019-njy ýylda çempionlyk gazanypdy. Tanak Ýaponiýa Rallisinde iň ýokary utugy (30) alan ýagdaýynda-da Noýwille çempionlyk üçin 6-njy orun ýeterlik bolar. Ýaponiýa Rallisi 21-24-nji noýabr aralygynda Toýota şäherinde geçiriler.