UEFA Çempionlar Ligasynda 42 ýyldan soň bu ýaryşa wekilçilik edýän “Aston Willa” topary öz meýdançasynda “Bolonýany” MakGinniň hem-de Jon Duranyň gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. Bu ýeňişden soň utugyny 9-a çykaran “Aston Willa” sanawyň 1-nji ornuna beýgeldi. 3 oýunda 6 gol geçiren Unaý Emeriniň şägirtleri derwezelerinden ýeke pökgi hem geçirtmediler.

Iňlisleriň beýleki bir topary “Arsenal” öz meýdançasynda “Şahtýor Doneski” Dmitro Riznygyň awtogoly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň garaşylmadyk netijeleriniň biri Italiýada hasaba alnyp, “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Ştutgartdan” El Bilal Tureniň 90+3-nji minutda geçiren goly esasynda 1-0 hasabynda asgyn geldi.