Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek üçin, ilki bilen, awtoulagyň guratlygyny gözden geçirmeli. Howanyň sowap başlamagy bilen, awtoulagda käbir näsazlyklar ýüze çykyp biler. Şol sebäpli ýollarda howpsuz hereketi üpjün etmek üçin awtoulagda bejeriş işlerini geçirmeli.
Ulagyň tigirlerini (ätiýaçlykdaky hem degişli) yzygiderli barlamaly. Howa basyşynyň nädogry bolmagy ulagy dolandyrmakda kynçylyk döredip biler we ýangyjyň sarp edilişine ters täsir edip biler. Ýagyşly, sürçekli howada könelen tigirli awtoulagy sürmek howpludyr. Howpsuzlyk we ygtybarlylyk üçin möwsümleýin tigirleri ulanmak iň gowusydyr.
Awtoulagyň çyralarynyň dürs işlemegi, esasan hem, ýagyşly we ümürli howada çyralaryň gurat bolmagy howpsuz hereket üçin ähmiýetlidir. Ulagyň ähli çyralaryny gözden geçiriň, näsazlyk bar bolsa, gyşdan öň bejertmegiň ugruna çykyň! Esasan hem, duýduryjy we duruzyjy bilen baglanyşykly çyralaryň utgaşykly işlemegine üns beriň!
Güýz we gyş paslynda köplenç ýagynly howada awtoulag sürýändigiňizi ýatdan çykarmaň! Şeýle howada awtoulagyň süpürgiçleri iň möhüm kömekçilerdir. Şonuň üçin ulagyň süpürgiçleriniň dürs işlemegine yzygiderli gözegçilik etmeli. Süpürgiçleriň rezinlerini her alty aýdan çalşyp durmaly.
Hereketlendiriji üçin ýagyň ähmiýeti örän uludyr. Ýola çykmazdan ozal, hereketlendirijidäki ýagyň derejesini barlamaly we wagty gelende çalşyp durmaly. Awtoulagy az ýagly ýa-da wagty geçip hapalanan ýag bilen sürmek howply bolup, dürli näsazlyklara sebäp bolup biler.
Howa süzgüçleri hereketlendirijidäki hapalanan howany daşaryk çykaryp, ulagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we ýüze çykyp biläýjek näsazlyklaryň öňüni alýar. Şol sebäpden, awtoulagyň howa süzgüçlerini yzygiderli barlap durmaly we wagty gelende arassalamaly ýa-da çalyşmaly.
Sowuk howada awtoulagyň doly we dogry işlemegi üçin ulagyň talap edýän suwuklyklaryny wagtynda guýup durmaly. Esasan hem, gyşda awtoulagyň radiatoryndaky suwuklygy (antifriz) we süpürgiçdäki suwy ýeterlik hem-de möwsüme görä guýmaly.