Merkezi we Günorta Amerikada, Meksikanyň günortasyndan Argentinanyň demirgazygyna çenli süýji suwda duş gelýän täsin balyklaryň biri hem piraputangadyr. «Miweçil balyk» ady bilen tanalýan bu balygyň esasy iýmiti miwe, ir-iýmişleriň we ösümlikleriň tohumy bolup, käte oňurgasyz jandarlar bilen hem iýmitlenýärler. Piraputanga balygy iýmitlenmek üçin täsin hereketleri edýär. Bu balyklar agaçlaryň suwa tarap eglip duran şahalaryna böküp, miwesini ýolup alýarlar. Piraputanga balykçylyk pudagynda esasy orny eýeleýär. Gyzyl etli, süýji tagamly bu balyklar Braziliýanyň Amazon basseýninden iň köp tutulýan balyklaryň arasynda bäşinji orny eýeleýär. Belläp geçsek, Amazon tokaýlygynyň köp bölegi suw bilen gurşalan bolup, tokaýyň we basseýniň esasy bölegi Braziliýada ýerleşýär.
Piraputanga sözi ýerli dilde «miwäni iýýän balyk», «gyzyl balyk» diýen manylary berýär. Çüýşe ýaly dury süýji suwda ýaşaýan bu balyklar suwuň aşagyndan tutjak bolýan miwesine tarap okdurylýarlar. Balykçylaryň arasynda «akrobat balyklar» adyny alan piraputangalaryň uzynlygy adatça
50 santimetre, agramy 2,5 kilograma ýetýär. Ýiti dişli bu balygyň eňegi güýçli myşsalar bilen hereket edýär. Piraputangalar suwdan 1 metre çenli beýiklige böküp, miweleri ýolup alýarlar. Ýer ýüzünde ýeke-täk ýerüsti ir-iýmişler bilen iýmitlenýän, uzak aralyga bökmäge ukyply bu balyklary tutmak aňsat däl. Piraputanga balyklary häzirki wagtda suw howdanlarynda hünärmenler tarapyndan goralyp, ýörite köpeldilýär.