Ýyldyrymyň çakmagy tebigy hadysalaryň içinde iň täsini hasaplanýar. Ýagyn, harasat, «deprekli mamanyň» gümmürdisi we asmanda birden peýda bolýan şaha-şaha şöhleler – bular ýaz we güýz aýlarynda bolup geçýän tebigy hadysalardyr. Eýsem, ýyldyrymyň çakmagy tebigat üçin howplumy? Ýyldyrym agaçlara täsir edýärmi?
Agaç düzüminde köp mukdarda suwuň saklanýandygy sebäpli ýyldyrymy özüne çekýär. Ýyldyrym çakanda agajyň gabygynda elektrik garşylygy döreýär. Elektrik garşylygy agajyň daşky gatlagy bilen içki böleginiň arasynda güýçli gyzgynlyk döredip, ýarylmagyna sebäp bolýar. Käte agajyň gabygynyň arasynda bug gatlagy emele gelende, agajyň pytramagy ýaly hadysa hem bolup geçýär. Ýagynly howada, ýagny agajyň daşy çygly bolsa, ýyldyrym agaja az zyýan ýetirýär. Käte ýyldyrym çakanda agajyň ot alýandygyna hem duş gelip bolýar. Bu hadysa agajyň gurulygyna, berkligine we ýyldyrymyň düşen ýerine baglylykda üýtgeýär.
Bilermenler ýyldyrym çakanda goranmak ýa-da bukulmak üçin agajyň aşagyna barmaly däldigini belleýärler. Esasan hem, aşagynda suw ýygnanan agaçdan gaça durmalydygyny belleýärler. Sebäbi çygly agaç ýa-da aşagy yzgarly agaçly meýdan ýyldyrymdan gelýän elektrik toguny ýere geçiriji bolup hyzmat edýär. Ýyldyrymyň çakmagy we agaja täsir etmegi, onuň aşagynda duran janly-jandarlara howp salyp bilýär. Şol sebäpli ýyldyrym çakanda agaçlardan uzakda durmaly.