«Railbookers» agentligi geljek ýyldan başlap dünýäniň iň uzak otly syýahatyny ýola goýmakçy. Lýuks otlular arkaly amala aşyryljak syýahat jemi 59 gün dowam eder. Dünýäniň 4 yklymyndaky, 12 ýurtdan geçjek otlynyň ýolagçylary 20-den gowrak şäherde düşlärler. Syýahatyň bahasy her ýolagçy üçin 116 müň ýewro bolar. 2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda başlanjak syýahata gatnaşýan ýolagçylar her baran ýerindäki ýörite taýýarlanan medeni çärelere gatnaşarlar.
Ýolagçylar syýahata Kanadanyň Wankuwer şäherinden başlarlar. Soňra Ýewropa gelip, Şotlandiýada, soňra Rim, Werona, Wenesiýa we Pariž şäherlerinde gezelenç ederler. Fransiýadan soňra Budapeşt we Buharestiň üsti bilen Stambula baryp ýeterler. Şeýlelikde, syýahatyň Ýewropa şahasy tamamlanar. Soňra bolsa, uçar bilen Hindistanyň paýtagtyna baryp, Günorta-gündogar Aziýany aýlanarlar. Ondan soňra bolsa, syýahatçylar howa gatnawy arkaly Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherine bararlar. Bu ýerde bolsa, Afrikanyň özboluşly tebigatyna syn ederler. Syýahatyň soňky tapgyrynda ýolagçylar Singapura giderler. Ol ýerden Malaýziýa we Tailanda otly syýahatyny amala aşyrarlar. Uçar petekleriniň bukjanyň bahasyna degişli däldigi bellenilýär.
Agaserdar HÜMMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.