Niderland tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşadan “Mançester Ýunaýted” toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Iňlis kluby Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň tälimçisi Ruben Amorimi wezipä belledi. 39 ýaşyndaky tälimçi üçin “Ýunaýted” topary “Sportinge” 10 million ýewro öweztöleg puluny berer. Ýaş tälimçi bilen ýakyn günlerde resmi şertnama baglaşylar.
“Belenenses”, “Benfika”, “Braga”, “Al Wakrah” ýaly klublarda çykyş eden Amorim tälimçilige 2018-nji ýylda “Kasa Pia” toparynda başlap, 2019-njy ýylda “Braga B” toparyna, soňlugy bilenem “Braga” toparynyň tälimçisi bolýar. Ol 2019/20 möwsüminde “Braga” toparyna Portugaliýanyň Liga Kubogyny gazandyrýar. 2020-nji ýylyň martynda-da “Sporting” toparynyň tälimçisi bolan Amorim üçin lissabonlylar “Braga” toparyna 10 million ýewro berýär. 2020/21 we 2023/24 möwsümlerinde paýtagtlylara Portugaliýanyň çempionlygyny, şol sanda-da 2020/21 we 2021/22 möwsümlerinde-de Portugaliýanyň Liga Kubogyny gazandyrýar.