2028-nji we 2029-njy ýyllardaky UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň final duşuşyklarynyň geçiriljek stadionlary belli boldy. Gresiýanyň Tessaloniki şäherinde geçirilen UEFA-nyň mitinginde final oýunlarynyň şäherleri kesgitlendi.

Şoňa görä, 2028-nji ýylda UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arena”-da oýnalar. Bu stadionda hem final duşuşygy 3-nji gezek geçiriler. Mundan öň finallarda 2012-nji ýylda “Çelsi”, 2025-nji ýylda PSŽ çempion bolupdy. Şol bir wagtyň özünde 2028-nji ýyldaky final Münhen şäherinde geçiriljek 7-nji final duşuşygy bolar. Bu şäherdäki “Olympiastadion”-da 1979-njy, 1993-nji, 1997-nji hem-de 2015-nji ýyllarda final duşuşygy geçirilipdi.

2029-njy ýyldaky final bolsa Ispaniýanyň Barselona şäherindäki “Camp Nou” stadionynda oýnalar. Bu final yklymyň iň köp tomaşaçyly stadionyndaky 3-nji final bolar. Mundan öň “Camp Nou”-da 1989-njy we 1999-njy ýyllarda oýnalan final duşuşyklarynda “Milan” hem-de “Mançester Ýunaýted” çempion bolupdy. Başgaça aýdylanda, bu stadiona klub ýaryşynyň iň uly finaly 30 ýyldan soň 3-nji gezek gaýdyp geler.

Ýeri gelende bellesek, şu möwsümiň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda oýnalar.

UEFA Ýewropa Ligasynyň 2028-nji ýyldaky finaly Rumyniýanyň paýtagty Buharestdäki “National Arena”-da, 2029-njy ýyldaky finaly-da Serbiýanyň paýtagty Belgraddaky “National Stadium”-da geçiriler. Buharestdäki “National Arena”-da 2012-nji ýylyň finaly oýnalyp, “Atletiko Madrid” çempionlyk gazanypdy.

UEFA Konferensiýa Ligasynyň 2028-nji ýyldaky finaly Italiýanyň Turin şäherindäki “Juventus Stadium”-da oýnalar. “Ýuwentus” toparynyň stadionynda 2014-nji ýylda Ýewropa Ligasynyň finaly oýnalyp, “Sewilýa” 3-nji kubogyny asmana göteripdi. Konferensiýa Ligasynyň 2029-njy ýyldaky finaly Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki “Puskas Arena”-da geçiriler. Bu stadionda 2023-nji ýylda “Sewilýa” Ýewropa Ligasyndaky 7-nji çempionlygyny baýram edipdi.

UEFA Super Kubogy duşuşygy geljek ýylyň tomsunda Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamdaky “Johan Cruyff Arena”-da, 2028-nji ýylda bolsa Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki “Astana Arena”-da geçiriler.

UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynyň final oýunlary-da 2028-nji ýylda Fransiýanyň Lion şäherindäki “Parc Olympique Lyonnais” stadionynda, 2029-njy ýylda Uelsiň paýtagty Kardiffdäki “National Stadium”-da oýnalar.