Ýewropa Bileleşigi Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasynda suwasty elektrik geçirijisini gurmak üçin 578 million ýewro möçberinde pul serişdelerini gönükdirmegi göz öňünde tutýar. Umuman, Ýewropa Bileleşigi energetika pudagyny ösdürmek üçin niýetlenen taslamalara býujetden 873 million ýewro möçberinde serişde gönükdirýär. Ol häzire çenli bu pudaga ugrukdyrylan iň uly maýa goýumdyr.
17 sany energetika taslamalarynyň arasynda iň göwrümlisi Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky elektrik energiýa geçirijisiniň taslamasydyr. Suwasty elektrik geçirijisi Biskaý aýlagynyň aşagyndan geçer hem-de iki ýurduň arasyndaky elektrik togunyň alyş-çalşygynyň mümkinçiligini iki esse artdyrar. Bu geçiriji arkaly Ispaniýada öndürilýän elektrik togunyň artan möçberi Fransiýa ugradylar. 370 kilometre uzap gidýän elektrik geçirijisiniň geçirijilik kuwwaty 5 müň megawata deň bolar.
Ýewropa Bileleşigi energiýa çeşmeleriniň gelýän ugurlaryny we olary öndürmegiň usullaryny diwersifikasiýalaşdyrmak işine uly ähmiýet berýär. Ýewropa gelýän tebigy gazyň agramly bölegi elektrik toguny öndürmek üçin elektrik beketlerinde ulanylýar.