ABŞ-nyň “Amazon” kompaniýasy geljegiň “akylly” dükanyny, ýagny söwda merkezini ulanmaga berdi. Ýurduň Sietl şäherinde gurlan söwda merkezinde kassa hem-de satyjy ýok. Satyn alan harytlaryň üçin hasaplaşmakda nobata durmak hem gerek däl. Internet arkaly söwda işlerini ugrukdyrýan “Amazon” kompaniýasynyň häzirlikçe özüniň işgärleri üçin synag görnüşinde guran söwda merkezi 170 inedördül metre barabar. Bu ýerde, esasan hem, azyk önümleri ýerleşdirildi.
Köp wagtdan bäri synag edilýän dükana girmezden ozal, smartfonyňa “Amazon Go” applikasiýasyny ýükläp, “QR” koduny skan etmeli. Şondan soňra dükanda ýerleşdirilen wideo kameralar we dürli enjamlar müşderini söwda merkeziniň içinde yzarlaýar. Kompýuterler müşderiniň tekjeden haýsy harydy alýandygyna gözegçilik edýär. Eger müşderi haýsydyr bir harydy yzyna goýan halatynda kompýuter awtomatik ýagdaýda ony satyn alynjak harytlaryň sanawyndan öçürýär.
Müşderi söwda edip bolandan soňra arkaýyn pul tölemän, söwda merkezinden çykyp gidip biler. Hasaplaşyk müşderiniň telefonyna ýüklän aplikasiýasy arkaly onuň hasabyndan alnar.
Eger bu konsepsiýa üstünlik getiren halatynda, şeýle dükanlary ýurduň beýleki şäherlerinde hem açmak göz öňünde tutulýar. Bu “Amazon” kompaniýanyň şeýle görnüşdäki ilkinji dükany däl. 2015-nji ýylda şereket onlaýn görnüşinde kitap dükanyny hem açdy. Ol hem Sietl şäherinde ulanmaga berildi. Kompaniýanyň baş edara binasy ABŞ-nyň Sietl şäherinde ýerleşýär.