Halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan çärelere möhüm orun degişlidir.
Ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen hem ermeni halklary dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilen Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri türkmenistanlylara ermeni halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşmagyna ýardam edýär. Özboluşly milli egin-eşikler, aýdym-sazlar, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen tanslardyr beýleki çykyşlar, ýaýbaňlandyrylan sergiler türkmen tomaşaçylaryna Ermenistanyň gadymy hem häzirki zaman ruhuny duýmaga mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda görkezilen «Aýrik», «Şarpyk» atly ermeni kinofilmleriniň tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredendigini hem aýdyp bileris. «Bagdasaryň maşgalasy» atly kinofilme hem-de multfilmlere bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tomaşa etmek mümkinçiligine eýe boldy.
Türkmen-ermeni medeni gatnaşyklary gadymy döwürlerden gözbaş alýar. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ermeni nusgawy şahyry Saýat Nowanyň heýkeli oturdyldy. Ýeri gelende bellesek, golaýda Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy ermeni dilinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Saýat Nowanyň eserleriniň hem türkmen diline terjime edilendigini bellemek ýakymlydyr.
2023 – 2025-nji ýyllar üçin iki ýurduň medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklary boýunça degişli maksatnama hereket edýär. Medeniýet parahatçylyga, ikitaraplaýyn dialoga giň ýol açýar. Şonuň üçin hem iki döwletiň syýasatynda-da medeni diplomatiýa uly üns berilýär. Ýakynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagy-da bu babatda ajaýyp wakalaryň biri boldy.
Türkmen-ermeni aýdym-saz sungatynda birnäçe meňzeşliklere gabat gelmek bolýar. Iki halkyň aýdymlarynyň sözleriniň lirikasy biri-birine örän meňzeş. Aýratyn-da, Saýat Nowa bilen Magtymgulynyň sözlerine aýdylýan aýdymlarda tema, mazmun taýdan meňzeşlik duýulýar. Bu iki halkyň hem ýokary watansöýüjilik ruhundan gelip çykýan bolsa gerek.
Şeýle hem iki halkyň dostluk gatnaşyklarynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygy bellemek ýakymly. Tans sungatynda hem özara baglanyşyklar bar. Türkmen halkynyň «Küştdepdi» milli tans sungaty ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi. Ermenistanyň «Koçari» halk tans dessury 2017-nji ýylda şol sanawda mynasyp orun aldy.
Ýakupbaý ÝANGIBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.