Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­nü­ni bag­ty­ýar­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň ýa­ky­my bi­len gar­şy­la­ýan türk­men hal­ky he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty esa­syn­da yn­san­per­wer­li­giň, dost-do­gan­ly­gyň aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri­ni dün­ýä ýaý­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de has-da giň­den ýaý­baň­lan­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz bu gün dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ola­ryň çäk­le­rin­de de­giş­li hal­ka­ra iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýar. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň köp ýyl­dan bä­ri öňe sür­ýän dün­ýä äh­mi­ýet­li bir­nä­çe mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ma­gy-da hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk we hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne el­my­da­ma yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bol­dy. BMG-niň öň­de­ba­ry­jy ugur­daş eda­ra­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne yzy­gi­der­li saý­la­nyp, Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ses­si­ýa­la­ry­na bir­nä­çe ge­zek wi­se-baş­lyk­lyk eden Türk­me­nis­tan bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň be­lent mün­be­rin­den umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li tek­lip­ler­dir baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Türk­me­nis­tan BMG-niň alyp bar­ýan umu­ma­dam­zat bäh­bit­li iş­le­rin­de hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gol­da­wy­na my­na­syp bo­lan mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge hem iş­jeň gat­naş­ýar. San­ly­ja ýy­lyň için­de ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­ri­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bir­nä­çe ge­zek saý­lan­ma­gy hem mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Bi­ta­rap­ly­gyň türk­men nus­ga­sy BMG-niň ýö­rel­ge­le­ri we mak­sat­la­ry bi­len saz­laş­ýar. Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men döw­le­ti­niň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji ýurt hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy bar­ha art­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty­nyň esa­syn­da hal­ky­myz dün­ýä halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta ber­jaý ed­ýär. Türk­me­nis­tan Di­ýa­ry­myz ýur­du­my­za ge­len myh­ma­na sup­ra­sy­ny bol­dan ýaz­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bu adyl sy­ýa­sa­ty yn­san­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dyr­ýar, dost-do­gan bo­lup ýa­şa­ma­ga iter­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ra ym­tyl­mak bol­sa halk­la­ry ag­zy­bir­lik, adam­kär­çi­lik at­ly be­ýik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip ýa­şa­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ýe­ne-de bir da­şa­ry sy­ýa­sy üs­tün­li­gi­ni ga­zan­dy. 2024-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 25-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň kö­pü­si we se­bit­dä­ki hem­me ýurt­lar bu res­mi­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi ha­kyn­da­ky hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy, il­deş­le­ri­mi­ziň buý­sanç­ly baş­la­ry­ny gö­ge ýe­tir­di. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi, onuň tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm­di­gi­niň we ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de has-da da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir. Bu mö­hüm res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr.

Ys­lam­ber­di TYL­LA­NU­ROW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.