Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha berkidýär. Goňşy döwletler bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Ata Watanymyzda goňşy döwletlerimiziň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ýokary depginde ösdürilýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Iki döwletiň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, ýokary derejedäki gepleşikler, maslahatlar oňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan – Özbegistan – Gyrgyzystan – Hytaý ugry boýunça gaz geçiriji taslamasy bar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm strategik ugry hökmünde kesgitlenendir. Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman – Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Özbegistan Respublikasy hem ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gadyr goýýar. Muňa Özbegistanyň Baştutany hökmünde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öz ilkinji döwlet saparyny 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistana amala aşyrandygy aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda oňyn işler geçirilip, özara söwda gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanda Türkmenistanyň harytlarynyň sergisi guraldy. Türkmenistanda bolsa Özbegistanyň milli sergisi hem-de sebitara forumy geçiriler. Iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň arasynda dürli saparlar guralyp, ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar.
Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda hem umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» ugurlary arkaly utgaşykly gatnaşyk edýärler.
Soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Dostlugy pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, umumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin has oňaýly şertleri kemala getirmekde ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.
Rejepnur MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.